Ï Hindistan – Türkmenistan: hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga gönükdirilen ugur
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hindistan – Türkmenistan: hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga gönükdirilen ugur

view-icon 114
Hindistan – Türkmenistan: hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga gönükdirilen ugur

Hindistanyň Türkmenistandaky ilçihanasynda Bütindünýä hindi dili güni mynasybetli dabaraly çäre geçirildi. Çäräniň çäklerinde Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bandaru Wilsonbabu Türkmenistanyň Hindistanyň sebitdäki esasy hyzmatdaşy hökmünde strategik ähmiýete eýedigini tassyklady.

Diplomat öz çykyşynda Hindistanyň 1991-nji ýylda Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny ilkinji bolup ykrar eden döwletleriň biridigini nygtady. Şu günki günde döwletleri diňe bir müňýyllyklara uzaýan taryhy kökler däl, eýsem umumy geosyýasy bähbitler hem baglanyşdyrýar.

Şeýle hem ilçi işjeň syýasy gepleşikleriň dowam etdiriljekdigini mälim etdi. 2010-njy, 2015-nji we 2022-nji ýyllarda iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň duşuşyklarynyň dowamynda ýola goýlan ýokary derejeli özara saparlaryň däbi 2026-njy ýylda hem dowam etdiriler diýlip garaşylýar.

Hindistan dünýäniň dördünji uly we iň çalt ösýän ykdysadyýetidir. Bu nukdaýnazardan, tejribe we tehnologiýalar bilen alyşmaga taýýarlyk beýan edildi. Maglumat tehnologiýalary we sanlylaşdyrma, farmasewtika we saglygy goraýyş, bilim we hünärmenleriň mümkinçiliklerini artdyrmak, şeýle hem tebigy baýlyklary özara bähbitli peýdalanmak hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde görkezildi.

Dabaranyň dowamynda medeni gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn üns berildi. Ilçi Türkmenistanyň Hökümetine ýurdumyzda hindi medeniýetiniň, şol sanda sazyň, tansyň, ýoganyň, aýurwedanyň we kino sungatynyň meşhur edilmegine berýän goldawy üçin hoşallyk bildirdi. Şeýle hem diplomatik wekilhananyň baştutany Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymlar düzümine dünýä boýunça 600 milliondan gowrak adamyň gürleýän dili bolan hindi dilini öwretmekde edýän kömekleri üçin hoşallygyny bildirdi.

Çäräniň dowamynda türkmen talyplarynyň ýerine ýetirmeginde edebi-sazly çykyşlar ýaňlandy, ýoga ussatlygy görkezildi we hindileriň milli tagamlarynyň dadyp görüş dabarasy boldy.

Bu dabara Aşgabadyň we Nýu-Deliniň arasyndaky barha pugtalanýan dostlugyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.