Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Üstünliklere we rowaçlyklara beslenýär Watan» diýlip atlandyrylan sergi açyldy. Serginiň gymmatlyklarynyň arasynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplary aýratyn orun tutýar.
Häzirki ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygaryna laýyklykda, sergide türkmen halkynyň durmuşynda möhüm orun eýeleýän we milli baýlygymyz bolan owadan hem-de ajaýyp ahalteke bedewleriniň keşbi şekillendiriş we heýkeltaraşlyk sungatynyň eserlerinde giňden şöhlelendirilýär.

Sergide goýlan ähli gymmatlyklar, şol sanda ýerli nakgaşlaryň we heýkeltaraşlaryň işleri Watana bolan söýgi, ýurdumyzyň häzirki döwürde gazanýan uly üstünliklerine we ýeten sepgitlerine bolan buýsanç duýgulary bilen utgaşýar.
Şeýle-de sergä gelenler ýurdumyzyň demirgazyk sebitiniň çäginde dürli döwürlerde geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda ýüze çykarylan arheologik tapyndylar, şol sanda gadymy binagärlik bezegleriniň bölekleri, küýzeler we dürli hojalyk esbaplary bilen tanyşyp bilýärler.

Şu günler Daşoguz welaýatynda 2026-njy ýylyň şygaryna we onuň ähmiýetine bagyşlanan medeni-köpçülikleýin çäreler yzygiderli geçirilýär. Olaryň hatarynda maslahatlar, aýdym-sazly dabaralar, «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlikler we sergiler bar.