Ï Türkmenistanyň HHR-däki Ilçisiniň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary bilen geçiren duşuşygy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň HHR-däki Ilçisiniň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary bilen geçiren duşuşygy

view-icon 131

2026-njy ýylyň 20-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Ilçihanasynyň binasynda Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisiniň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) Baş sekretary Nurlan Ýermekbaýew bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. 

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de giňeltmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Ilçi Parahat Durdyýew ŞHG-niň Baş sekretaryny Täze ýyl bilen gutlap, Guramanyň çäginde kesgitlenen maksatlary we wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmekde oňa rowaçlyk arzuw etdi.

Türkmen diplomaty ŞHG-nyň işiniň köptaraplaýyn häsiýetini hem-de Türkmenistan bilen özara gatnaşyklaryň ýokary derejesini belläp geçdi. Şeýle hem, ol ŞHG-nyň Baş sekretaryny ýurdumyz tarapyndan 2026-njy ýylda geçirilmegi meýilleşdirilýän dürli çäreler, şol sanda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan dabaralara görülýän taýýarlyk işleri barada durup geçdi.

Foruma gatnaşmaga çakylyk hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe, şeýle-de Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan çärelere gatnaşmak mümkinçiligi üçin çuňňur minnetdarlygyny bildirip, ŞHG-nyň Baş sekretary Nurlan Ýermekbaýew türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen bolan duşuşygyny ýakymly ýatlap geçdi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistan bilen ŞHG-nyň arasynda söwda-ykdysady, ulag-logistika hem-de ynsanperwer ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygy barada pikir alyşdylar.