Ï Türkmenistanda Çad Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda Çad Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady

view-icon 108

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Çad Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mahamud Adam Beşirden ynanç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça alyp barjak işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Diplomat mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimize Çad Respublikasynyň ýolbaşçylarynyň mähirli salamyny, ähli türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda ilçi milli parlamentiň düzümi we onuň ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak boýunça alyp barýan işleri, Türkmenistanyň içeri hem-de daşary syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň dünýäniň döwletleri, şol sanda Afrika sebitiniň ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigi bellenildi. Şeýle hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda diplomat parahatçylyk söýüjilikli syýasaty we netijeli halkara başlangyçlary durmuşa geçirýän Bitarap Türkmenistanda Çad Respublikasyna wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny nygtap, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly we gadyrly dostum!

Çad Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak maksady bilen, men jenap Mahamud Adam Beşiri Çad Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek kararyna geldim. Jenap Mahamud Adam Beşiriň ýokary şahsy häsiýetleri özüne ynanylan wezipäni Siziň Alyhezretiňiziň makullamagyna mynasyp derejede ýerine ýetirjekdigine ynam döredýär. Şunuň bilen baglylykda, Sizden ony hoşniýetli kabul etmegiňizi we meniň adymdan ähli beýan etjeklerine, hususan-da, Size uly hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy ýetirende, oňa doly ynanmagyňyzy haýyş edýärin.

Mahamat Idris Debi Itno,
Çad Respublikasynyň Prezidenti.