Ï Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi Tokio şäherinde Ýapon-türkmen ykdysady hyzmatdaşlyk komitetiniň başlygy bilen duşuşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi Tokio şäherinde Ýapon-türkmen ykdysady hyzmatdaşlyk komitetiniň başlygy bilen duşuşdy

view-icon 127

2026-njy ýylyň 21-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi A.Baýramow Tokioda Ýapon-türkmen ykdysady hyzmatdaşlyk komitetiniň başlygy Hiroýuki Subaý bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.  

Duşuşygyň maksady 2026-njy ýyl üçin hyzmatdaşlyk meýilnamalaryny, şol sanda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da berkitmek üçin Türkmenistanda bilelikdäki ykdysady taslamalaryň durmuşa geçirilmegini ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy.

Ýapon tarapy 2025-nji ýylyň 20-nji dekabrynda Tokio şäherinde geçirilen ilkinji «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» Dialogynyň Sammitinde Türkmenistanyň Prezidentiniň beýan eden ykdysady taslamalary boýunça, şol sanda sirkulýar ykdysadyýet taslamasy boýunça işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny tassyklady.

Duşuşykda şeýle hem Arkadag şäherindäki lukmançylyk klasterini mundan beýläk-de ösdürmegiň möhümdigi nygtaldy, bu işe «Sumitomo Heavy Industries, Ltd.» ýapon kompaniýasy işjeň gatnaşýar.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar 2026-njy ýylda Tokio şäherinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon we ýapon-türkmen komitetleriniň bilelikdäki 16-njy mejlisini geçirmek üçin degişli senäni bellemek barada ylalaşdylar.