Ï Türkmenistanyň Sloweniýadaky Ilçisi diplomatik korpus üçin guralan täze ýyl kabul edişligine gatnaşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Sloweniýadaky Ilçisi diplomatik korpus üçin guralan täze ýyl kabul edişligine gatnaşdy

view-icon 140
Türkmenistanyň Sloweniýadaky Ilçisi diplomatik korpus üçin guralan täze ýyl kabul edişligine gatnaşdy

2026-njy ýylyň 19-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Sloweniýa Respublikasyndaky (oturýan ýeri Moskwa ş.) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Esen Aýdogdyýew Sloweniýa Respublikasynyň Prezidenti Nataşa Pirs-Musaryň hem-de Premýer-ministr Robert Golobyň adyndan Sloweniýada akkreditirlenen diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary üçin Täze ýyl mynasybetli guralan kabul edişlige gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.

Ilçi Sloweniýanyň ýolbaşçylaryna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Täze ýyl gutlaglaryny ýetirdi hem-de türkmen tarapynyň iki dostlukly halkyň we döwletiň bähbidine dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge bolan meýlini tassyklady.

Sloweniýa Respublikasynyň ýolbaşçylygy hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, öz gezeginde Türkmenistanyň hormatly Prezidentine we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Täze ýyl gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Lýublýana şäherine saparynyň dowamynda Ilçi Sloweniýa Respublikasynyň Daşary we ýewropa işleri ministrliginiň köptaraplaýyn işler, syýasy meseleler we ösüş babatyndaky hyzmatdaşlyk boýunça Döwlet sekretary Melita Gabriç bilen duşuşdy.

Duşuşygyň barşynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky ikitaraplaýyn türkmen-slowen hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerine garaldy, bilelikdäki işleriň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi.

Taraplar özara saparlary guramak, Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparynyň işini işjeňleşdirmek, şeýle hem türkmen-slowen gatnaşyklarynyň şertnamalaýyn-hukuk binýadynyň tükelleýiş işlerini geçirmek we kämilleşdirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Söwda-ykdysady ugurdaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga aýratyn üns berildi. Bu babatda bilelikdäki iş üçin giň mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Şu nukdaýnazardan, taraplar yzygiderli iş gatnaşyklaryny saklamak barada ylalaşdylar.

Sebitleýin we halkara gün tertibiniň möhüm ugurlary barada pikir alşyldy. Diplomatlar döwletleriň köptaraplaýyn formatdaky, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerindäki konstruktiw häsiýetli işini bellediler. Bu ugurda taraplar öňe sürülýän halkara başlangyçlaryna özara goldaw berýärler.