Ï Türkmenistan GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň ýanyndaky Ykdysady meseleler boýunça toparynda başlyklygy kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň ýanyndaky Ykdysady meseleler boýunça toparynda başlyklygy kabul etdi

view-icon 156
Türkmenistan GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň ýanyndaky Ykdysady meseleler boýunça toparynda başlyklygy kabul etdi

2026-njy ýylyň 22-nji ýanwarynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) Ýerine ýetiriji komitetiniň Moskwa şäherindäki edarasynda Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň çäklerindäki ilkinji çäre – GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň ýanyndaky Ykdysady meseleler boýunça toparynyň mejlisi geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. 

Duşuşykda çykyş eden Türkmenistanyň ygtyýarly wekili, Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi we Ykdysady meseleler boýunça toparynyň başlygy E.Aýdogdyýew Türkmenistanyň bilelikde amala aşyrylmaly wezipeleriň möçberine we derejesine doly düşünmek bilen, bu möhüm işe ýokary jogapkärçilik bilen çemeleşýändigini nygtady.

E.Aýdogdyýew ýygnanlary 2026-njy ýylda Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmeginiň Konsepsiýanyň esasy ugurlary bilen tanyşdyrdy. Syýasy ulgamda döwletiň işiniň sebitleýin howpsuzlygy we ynamy pugtalandyrmaga, bitaraplyk ýörelgelerini öňe sürmäge, GDA-nyň parahatçylykly dialog we özara düşünişmek üçin meýdança hökmündäki ornuny berkitmek maksady bilen diplomatik gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge gönükdiriljekdigi nygtaldy.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan öz başlyklygyny ykdysady, ulag we energetika hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga gönükdirilen başlangyçlaryny ilerletmek üçin ulanmagy maksat edinýär. Bu ýerde GDA-nyň ykdysady ösüşiniň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Strategiýasy esasy çelgi bolup durýar.

Ýewraziýa, Hazarýaka, Merkezi Aziýa we Ýakyn Gündogar sebitleriniň çäklerini baglanyşdyrýan köpri hökmünde GDA-nyň logistika mümkinçiliklerine hem aýratyn üns berler. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistan 2027-nji ýyly «GDA-nyň ulag arabaglanyşygynyň ýyly» diýip yglan etmegi teklip eder.

Ynsanperwerlik ugry Türkmenistanyň başlyklygynyň möhüm bölegi bolar. Biziň ýurdumyz bilim, ylym, medeniýet, syýahatçylyk we KHBS babatdaky hyzmatdaşlygyň özara düşünişmegi pugtalandyrmaga hem-de Arkalaşygyň halklarynyň ruhy mirasyny gorap saklamaga goşant goşýandygyndan ugur alýar.

E.Aýdogdyýewiň belleýşi ýaly, Türkmenistan däp boýunça ekologiýa meselelerine, durnukly ösüşe, hususan-da, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri hem-de Hazar sebitiniň biodürlüligini goramak babatyndaky hyzmatdaşlyga uly üns berer. Şu nukdaýnazardan, döwletimiz 2026-njy ýylda Ikinji Hazar ekologiýa forumyny çagyrmak üçin tagalla eder.

Sözüniň ahyrynda E.Aýdogdyýew Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklygynyň GDA-nyň deňhukukly hyzmatdaşlyk we ynanyşmak üçin meýdança hökmündäki ornuny ep-esli berkitmäge, agza döwletleriň arasyndaky ykdysady we ulag gatnaşyklaryny giňeltmäge, şeýle hem XXI asyryň derwaýys meselelerine täze çemeleşmeleriň utgaşdyrylmagyna hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.

Ýygnananlar wekili Türkmenistanyň GDA-da başlyklygynyň başlanmagy bilen mähirli gutladylar hem-de bu babatda doly goldaw berjekdiklerine we öňde duran jogapkärçilikli işde üstünlikleri arzuw etdiler.

***

Şol gün E.Aýdogdyýew bilen GDA-nyň Baş sekretary S.Lebedewiň arasynda duşuşyk geçirildi.

Söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistanyň 2026-njy ýylda GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerindäki bilelikdäki işler hem-de meýilleşdirilen çäreleriň ýokary mazmun we guramaçylyk derejesinde geçirilmegi barada pikir alşyldy.

S.Lebedew Ilçini Türkmenistanyň işini üstünlikli amala aşyrmak we ýurduň GDA-da başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasynyň düzgünlerini durmuşa geçirmek babatynda Ýerine ýetiriji komitetiň ähli zerur ýardamlary berjekdigine ynandyrdy.