Ï Watan goragçylarynyň waspy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Watan goragçylarynyň waspy

view-icon 174
Watan goragçylarynyň waspy
Watan goragçylarynyň waspy
Watan goragçylarynyň waspy
Watan goragçylarynyň waspy
Watan goragçylarynyň waspy
Watan goragçylarynyň waspy
Watan goragçylarynyň waspy
Watan goragçylarynyň waspy
Watan goragçylarynyň waspy
Watan goragçylarynyň waspy
camera-icon
Alekseý Gimalitdinow

Her ýylyň 27-nji ýanwarynda bellenilýän Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň sergi zalynda türkmen nakgaşlarynyň we heýkeltaraşlarynyň eserlerinden ybarat bolan sergi açyldy. Bu baýramçylyk mynasybetli özleri üçin kyn hem-de örän jogapkärli kär bolan Watany goramak wezipesini saýlap alan harby gullukçylar we harby talyplar muzeýiň myhmanlary boldular.

Görkezilýän gymmatlyklar bilen myhmanlary muzeýiň baş gazna saklaýjysy Mähri Atdaýewa tanyşdyrdy. Eserleriň köpüsi serhetçileriň jogapkärli işi barada gürrüň berýär. Olaryň hatarynda Atabally Kiçigulowyň «Ümsümlik», Gennadiý Babikowyň «Serhet gullugy» we «Düşelgede», Nury Hojamuhammedowyň «Desantçylaryň tälimi», Durdy Baýramowyň «Parahat ýurt» ýaly eserleri we başgalar bar. Sergide, şeýle-de türkmen harby gullukçylarynyň faşizmden üstün çykmaga goşan gahrymançylykly goşantlaryna bagyşlanan eserler hem-de orden-medally harby gullukçylaryň portretleri ýerleşdirilipdir.

Serginiň dabaraly açylyşyna Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň raýat goranyşy fakultetiniň we Türkmenistanyň Serhet institutynyň wekilleri gatnaşdylar. Çykyş edenler Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde harby gullukçylaryň öňünde goýan möhüm wezipelerini, şol sanda Watany goramakda sanly ulgamy we döwrebap tehnologiýalary özleşdirmegiň ähmiýetini aýratyn bellediler.

Dabaradan soň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri muzeýiň myhmanlary bilen söhbetdeş boldular.

– Men Türkmenistanyň Serhet institutynyň 1-nji ýyl talyby – diýip, Feruzbek Parhatow «Altyn asyr» elektron gazetiniň habarçysy bilen söhbetdeş bolanda özüni tanyşdyrdy. – Men çagalykdan harby gullukçy bolmagy arzuw edýärdim. Bu kärde meni ähli zat: berk tertip-düzgün, harby lybas we Watan goragçysy bolmak ýaly belent ahlak borjuny ýerine ýetirmek özüne çekýär. Serhetçi serkerde bolmak üçin beden we syýasy taýýarlyk zerurdyr. Men okuw döwründe geljekki kärim üçin zerur bolan ähli endikleri öwrenmek üçin bar güýjümi gaýgyrmaryn.


Feruzbegiň ýyldaşy Jumageldi Şalykowyň serhetçi serkerde kärini saýlamagyna goşun gullugy, ýagny harby durmuşyň kynçylyklaryny öz tejribesinde görmegi sebäp boldy. Ýöne kynçylyklar Jumageldini gorkuzmaýar, iň esasy zat, onuň saýlan käriniň halkymyza peýda getirmegidir. – Dünýä çalt özgerýär – diýip, talyp aýdýar. – Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow harby gullukçylary sanly ulgamyň endiklerini özleşdirmäge gönükdirýär. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň bu görkezmelerini harby ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlary bolan, biz gyşarnyksyz berjaý etmelidiris.

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyzyň eden çykyşy harby we hukuk goraýjy edaralaryň ähli wekillerini täze rowaçlyklara ruhlandyrdy. Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap kazyýetiniň kazysynyň kömekçisi Öwezgeldi Atageldiýew sanly tehnologiýalary özleşdirmegiň ähmiýeti baradaky gürrüňi dowam etdirip, 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň täze redaksiýasynyň güýje girendigini we onuň elektron formatda elýeterlidigini belledi.

Çäräniň dowamynda Mähri Atdaýewa harby gullukçylar we harby talyplar üçin muzeýiň beýleki bölümleri boýunça hem gysgaça gezelenç gurady. Gymmatlyklar bilen tanyşlyk Watan goragçylarynda ýatdan çykmajak täsir döretdi.