Ï Astrahanda 2026-njy ýylyň şygaryna bagyşlanan çäre hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Astrahanda 2026-njy ýylyň şygaryna bagyşlanan çäre hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

view-icon 95
Astrahanda 2026-njy ýylyň şygaryna bagyşlanan çäre hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

2026-njy ýylyň 23-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Konsullygynda (Astrahan ş.) 2026-njy ýyl – «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýip atlandyrylmagy hem-de Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň «Türkmenistanyň Bitaraplygy—parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň tanyşdyrylyşyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. 

Bu çärä konsullygyň işgärleri, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblasty boýunça bölüminiň ýolbaşçysy, Astrahan oblastyndaky Magtymguly Pyragy adyndaky orta mekdebiň türkmen dili mugallymy hem-de Astrahan oblastynda okaýan türkmenistanly talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Çärä gatnaşyjylar Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny has-da şöhratlandyrmak, Garaşsyzlyk ýyllarynda ýetilen belent sepgitleri, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmekde gazanylan üstünlikleri, bedew bady bilen ösüşleriň belentligine tarap ynamly gadam urýan berkarar Watanymyzyň dünýäni haýran galdyryjy galkynyşlaryny hem-de ähli ugurlarda gazanýan beýik ýeňişleri barada çykyş etdiler.

Şeýle-hem, hormatly Prezidentimiziň täze kitabynyň hemişelik Bitaraplygymyzyň gadyr-gymmatyny giňden açyp görkezýändigini, bu eseriň ýaş nesiller, şol sanda geljekki halkaraçy hünärmenler üçin hem ylmy-edebi gollanma boljakdygyny buýsanç bilen bellediler. Şeýle hem, çykyş edenler döwlet Baştutanymyzyň täze kitabynyň 9 bölümden ybarat bolup, onda türkmen Bitaraplygynyň geçen ýolunyň, ýurdumyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalary bilen üç gezek ykrar edilen Bitaraplyk hukuk derejesiniň dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýetiniň giňden beýan edilendigini nygtadylar.