Ï Nýu-Deli şäherinde Türkmenistanyň Prezidentiniň täze kitaby we 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli geçirilen çäre
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Nýu-Deli şäherinde Türkmenistanyň Prezidentiniň täze kitaby we 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli geçirilen çäre

view-icon 112
Nýu-Deli şäherinde Türkmenistanyň Prezidentiniň täze kitaby we 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli geçirilen çäre

2026-njy ýylyň 6-njy fewralynda Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Ilçihanasynda Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy hem-de 2026-njy ýylyň şygarynyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýip yglan edilmegi mynasybetli çäre geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. 

Öz çykyşynda Ilçi Ş.Geldynazarow 2025-nji «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda» ýokary derejede geçirilen halkara maslahatlar hem-de 2026-njy ýylda ýurdumyzda geçiriljek möhüm ähmiýetli çäreler barada gürrüň berdi.

Şeýle hem Ilçi, Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly täze kitabynyň türkmen halkymyz we daşary ýurtly okyjylar üçin sowgat bolandygyny aýratyn belledi. Bu kitabyň ýurdumyzyň Bitaraplyk ýörelgesini ylmy taýdan öwrenmekde, parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyny dünýä ýaýmakda gymmatly gollanma boljakdygyny nygtady.

Çärä gatnaşyjylar Hormatly Prezidentimiziň täze kitabynyň neşir edilmegi bilen tüýs ýürekden gutlap, türkmen ýaşlary üçin bilim almakda döredilýän şertler üçin Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.