Ï Russiýanyň Diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli Aşgabatdaky RF-niň Ilçisi I.Wolynkinyň interwýusy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Russiýanyň Diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli Aşgabatdaky RF-niň Ilçisi I.Wolynkinyň interwýusy

view-icon 158
Russiýanyň Diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli Aşgabatdaky RF-niň Ilçisi I.Wolynkinyň interwýusy

Iwan Kirillowiç, Russiýada her ýylyň 10-njy fewralynda Diplomatik işgärleriň güni bellenilýär. Bu baýramçylygyň Siziň hem-de tutuş Daşary işler ministrligi üçin nähili ähmiýeti bar?

– Sowalyňyz üçin sag boluň! Meniň üçin bu hünär baýramçylygy, ilkinji nobatda, diplomatik gullugyň nesilleriniň dowamatlylygyny alamatlandyrýar. Bu halypalar bilen pikir alyşmak, garamagyndaky işgärleri gutlamak, şeýle hem häzirki wagtda Moskwada ýa-da beýleki daşary ýurt edaralarynda zähmet çekýän köp ýyllyk kärdeşlerim bilen täzelikleri paýlaşmak üçin oňaýly pursatdyr.

Bilşiňiz ýaly, Diplomatik işgärleriň gününiň senenamamyzda döränine köp wagt bolmadyk hem bolsa – Russiýanyň Prezidenti Wladimir Wladimirowiç Putin degişli Permana 2002-nji ýylda gol çekdi. Rus diplomatiýasynyň çuň taryhy kökleri bar. Gadymy Rus döwleti IX asyrdan bäri Ýewropadaky halkara gatnaşyklaryň işjeň gatnaşyjysy hökmünde çykyş edip gelýär. Mysal üçin, 838-nji ýylda Konstantinopola amala aşyrylan wezipeli sapar taryhy ähmiýete eýedir, şonda Rus döwleti Wizantiýa imperatory Teofiliň köşgünde ilkinji gezek özbaşdak döwlet hökmünde wekilçilik edipdi.

Baýramçylyk üçin saýlanyp alnan senäniň özi bolsa, ýurdumyzyň taryhynda daşary işler bilen meşgullanýan ilkinji merkezleşdirilen düzüm bolan Ilçiler edarasynyň (Posolskiý prikaz) resminamalarda ilkinji gezek agzalmagy, ýagny 1549-njy ýylyň 10-njy fewraly bilen baglanyşyklydyr.

Siziň pikiriňizçe, häzirki zaman diplomaty nähili bolmaly? Soňky ýyllarda bu käre bildirilýän talaplar üýtgedimi?

– Meniň pikirimçe, diplomatiýanyň düýp esaslary üýtgewsiz galýar. Hünär dereje, çuňňur bilimlilik, jogapkärçilik, şeýle hem gepleşikleri alyp barmak we hatda iň çylşyrymly ýagdaýlarda-da taraplar üçin özara kabul ederlikli çözgütleri tapmak başarnygy bu käriň esasy sypatlarydyr. Elbetde, halkara gatnaşyklar ulgamynyň hünärmenleri daşary ýurt dillerini kämil bilmelidirler. Bu talaplar hemişe öz güýjünde galýar. Şol bir wagtda, dünýä çalt üýtgeýär, durmuşyň depgini hem barha ýokarlanýar. Maglumat basymy güýçlenýär, aragatnaşygyň täze görnüşleri ýüze çykýar we kiberhowpsuzlykdan başlap, howanyň üýtgemegi ýaly täze meseleler peýda bolýar.

Bularyň hemmesi diplomatyň giň gözýetimini we täze şertlere çalt uýgunlaşmak ukybyny talap edýär. Häzirki zaman tehnologiýalaryny hem-de degişli programma üpjünçiligini ýokary derejede ulanmak başarnygy ileri tutulýan orna geçýär. Emma nähili ýagdaýlar bolsa-da, bu ýoly saýlap alanlar üçin esasy borjy milli bähbitleri goramak, halkara hukugyna hormat goýmak hem-de halal we deňhukukly gepleşiklere taýyn bolmak ýaly möhüm ýörelgelere wepaly bolmak bolup galýar. Gepleşik medeniýetini saklamak we hetdiňi duýmak bilen, öz ýurdunyň garaýyşlaryny berk goramagy başarmak örän möhümdir. Şeýle-de bolsa, işimizde ýerlikli degişme duýgusynyň bolmagy hem zyýan etmez. Sebäbi ýerinde aýdylan degişme käte düşünişmezlikleri gyzgyn gepleşiklerden has çalt ýok etmäge ukyplydyr. Men muňa öz iş tejribämde ençeme gezek şaýat boldum.

Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrligi täze şertlere nähili uýgunlaşýar? Ministrligiň işine emeli aň tehnologiýalary ornaşdyryldymy?

– Häzirlikçe biz tebigy aňymyzyň mümkinçilikleri bilen işleýäris. Has çynlakaý aýtsak, biziň daşary syýasat edaramyz yzygiderli kämilleşýär, işgärlerimiz bolsa täze hünär başarnyklaryny yzygiderli özleşdirýärler. Umuman, biz döwürden yza galmaýarys. Eýýäm ep-esli wagtdan bäri sanly diplomatiýanyň gurallary gündelik işimize ornaşdyryldy we olar halkara meselelerde Russiýanyň çemeleşmelerini ilerletmek üçin işjeň ulanylýar.

Ministrligiň gurluşy hem häzirki zaman ýagdaýlaryna görä üýtgedilýär: 2019-njy ýylda Halkara maglumat howpsuzlygy bölümi döredildi, 2022-nji ýylda Köptaraplaýyn ynsanperwer hyzmatdaşlyk we medeni aragatnaşyklary bölümi peýda boldy, 2025-nji ýylda bolsa Afrika bilen hyzmatdaşlyk boýunça aýratyn bölüm işläp başlady. Hereket edýän bölümler hem häzirki şertlere uýgunlaşdyrylýar. Şunlukda, Ähliýewropa hyzmatdaşlygy bölümi Ýewropa meseleleri bölümi diýlip atlandyryldy, Demirgazyk Amerika bölümi bolsa Demirgazyk Atlantika bölümine öwrüldi.

Mundan başga-da, geljekki we häzirki rus diplomatlary üçin bilim maksatnamalarynyň we hünär ýokarlandyryş okuwlarynyň yzygiderli ösdürilýändigini bellemek gerek. Olarda häzirki wagtda ähmiýetli bolan mowzuklar: generatiw emeli aň, kiberhowpsuzlyk, uly maglumatlary işläp taýýarlamak we beýlekiler öz beýanyny tapýar. Alnan bilimleri meniň köp kärdeşlerim, aýratyn-da, ýaş hünärmenlerimiz iş ýüzünde eýýäm işjeň ulanýarlar.

Russiýa diplomatiýasy barada, köplenç, baý däp-dessurlary bolan çynlakaý mekdep hökmünde aýdylýar. Bu däpler şu günki gün nähili ähmiýete eýe bolýar?

– Geçmişiň hem-de häzirki nesliň rus diplomatlarynyň iň gowy häsiýetleriniň düşünjeli watansöýüjilik, ýokary hünär medeniýet we öz Watanynyň milli bähbitlerine çuňňur düşünmek bolandygyna we hemişe bolup galjakdygyna ynanýaryn. Bular ebedi ähmiýete eýe bolan we biziň gullugymyzyň binýadyny düzýän gymmatlyklardyr.

Diplomatik işgärleriň güni barada aýdylanda bolsa, soňky ýyllarda Russiýada bu baýramçylygyň özboluşly dabaraly däpleri kemala geldi. 10-njy fewralda Smolensk-Sennaýa meýdançasyndaky belent binamyzda dabaraly ýygnanyşyk geçirilýär, onuň dowamynda Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri S.W.Lawrow gutlag sözi bilen çykyş edýär. Şol gün tapawutlanan işgärlere edara we döwlet sylaglary gowşurylýar. Ministrligiň binasynda Beýik Watançylyk urşunyň meýdanlarynda wepat bolan, şeýle hem parahatçylyk döwründe gulluk borjuny ýerine ýetirýän wagty hem-de repressiýa ýyllarynda gurban bolan kärdeşlerimiziň atlary ýazylan ýadygärlik tagtalaryna güller goýulýar.

Mundan başga-da, baýramçylyk mynasybetli Russiýanyň daşary ýurtlardaky ähli edaralarynda dabaraly ýygnanyşyklar, baýramçylyk maksatnamalary we protokol çäreleri guralýar. Aşgabatdaky ilçihanasynyň hem mundan kadadan çykma däldigine sizi ynandyrýaryn, geljekki hepde üçin biziň meýilnamalarymyz örän köp. Täzelikleri biziň sosial ulgamlarymyz arkaly yzarlap bilersiňiz.

Iwan Kirillowiç, iň soňky sowal. Siz eýýäm birnäçe ýyl bäri Türkmenistanda zähmet çekýärsiňiz. Ýurdumyz baradaky täsirleriňiz bilen paýlaşaýsaňyz?

– Hakykatdan hem, men eýýäm 2,5 ýyldan gowrak wagt bäri Aşgabatda işleýärin we myhmansöýer türkmen topragynda Russiýanyň bähbitlerine wekilçilik etmek meniň üçin uly hormatydyr.

Türkmenistanyň baý medeni mirasy we özboluşly däp-dessurlary bar. Men ýurduňyz boýunça syýahat etmegi halaýaryn. Ýakynda ilkinji gezek Mary welaýatynyň, öz wagtynda Guşgy adyny göteren Serhetabat şäherinde boldum.

Iň esasy zat bolsa, men bu ýerde ajaýyp adamlar bilen tanyşdym, doganlyk türkmen halkynyň mähirliligini we akýürekliligini duýdum. Aşgabatda akkreditirlenen diplomatik korpusyň wekilleri bilen aramyzda ýola goýlan hoşniýetli dostlukly gatnaşyklary biz aýalym bilen aýratyn gadyrlaýarys.

Pursatdan peýdalanyp, ýurduňyzda işlemek we gündelik durmuş üçin döredilen ajaýyp şertler üçin Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden sagbolsun aýdýaryn.

Russiýanyň we Türkmenistanyň diplomatik gulluklarynyň hünär baýramçylyklarynyň senenama boýunça biri-birine örän ýakyn we yzly-yzyna gelýändigini bellemek isleýärin. Bu taryhy taýdan şeýle kemala gelipdir. Şunuň bilen baglylykda, men Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri, hormatly Raşid Meredowy hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrligindäki ähli kärdeşlerimizi ýetip gelýän hünär baýramçylygy – 18-nji fewralda bellenilýän Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni bilen gutlamaga örän şatdyryn. Olara berk jan saglygyny we täze üstünlikleri arzuw edýärin.

«Altyn asyr» elektron gazetiniň ähli işgärlerine hem mundan beýläk-de üstünlik we rowaçlyk arzuw edýärin. Biziň söhbetdeşligimiz we hyzmatdaşlygymyz üçin hoşallygymy bildirýärin.