Ï Aşgabatda ählumumy saglygy goraýyş ulgamynda diplomatiýa boýunça ýokary derejeli dialog öz işine başlady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda ählumumy saglygy goraýyş ulgamynda diplomatiýa boýunça ýokary derejeli dialog öz işine başlady

view-icon 178
Aşgabatda ählumumy saglygy goraýyş ulgamynda diplomatiýa boýunça ýokary derejeli dialog öz işine başlady
camera-icon
Meretdurdy Rozyýew

Şu gün paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda “Bütindünýä saglygy goraýyş çygrynda diplomatiýa boýunça ýokary derejeli dialog” atly halkara okuw maslahaty öz işine başlady. Bu giň möçberli forumyň guralmagy ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk, ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýan döredijilikli daşary syýasatynyň dabaralanýandygynyň nobatdaky aýdyň güwäsi boldy.

Okuw maslahaty häzirki döwrüň derwaýys meselelerini çözmekde halkara jemgyýetçiligiň tagallalaryny birleşdirmek üçin netijeli platformany döretmäge gönükdirilendir. Ählumumy derejede üýtgeşmeleriň bolup geçýän döwründe Türkmenistanyň lukmançylyk diplomatiýasyny ösdürmek boýunça başlangyçlary parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmegiň möhüm şerti bolup çykyş edýär. Çärä gatnaşyjylaryň ýokary wekilçilikli düzümi halkara bileleşigiň ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak babatda tejribesini öwrenmäge uly gyzyklanma bildirýändigini görkezýär. Syýasatçylary, lukmanlary we alymlary bir ýere jemlän halkara forum tutuş adamzadyň bähbidine halkara hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze mehanizmlerini işläp taýýarlamagy maksat edinýär.

Türkmenistanyň Hökümeti bilen Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň bilelikde guraýan forumyna iri halkara düzümleriň ýolbaşçylary, görnükli diplomatlar, sebitiň ýurtlarynyň Saglygy goraýyş ministrlikleriniň wekilleri, abraýly bilermenler gatnaşýarlar. Şeýle ähmiýetli çäräniň Aşgabatda geçirilmegi ýurdumyzyň dünýä giňişliginde ynsanperwer ýörelgeleri ilerletmek boýunça işjeň ornunyň ykrarnamasydyr. Onuň açylyşynyň ýurdumyzyň diplomatik işgärleriniň gününiň öňüsyrasynda we Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde yglan edilen Saglygy goramagyň ýylyna gabat gelmegi çärä aýratyn many berýär.

Türkmen tarapynyň wekili foruma gatnaşyjylary mübärekläp, häzirki döwrüň lukmançylyk ulgamynda ählumumy meseleleri çözmek üçin täze çemeleşmeleri talap edýändigini belledi. Bu gün saglygy goraýyş diňe bir hünär ulgamy däl-de, eýsem, daşary syýasatyň hem möhüm şerti bolup çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan lukmançylyk diplomatiýasyna halklaryň arasynda ynanyşmagy we raýdaşlygy pugtalandyrmagyň netijeli guraly hökmünde garaýar. Nygtalyşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň ähli başlangyçlary adamlaryň abadançylygynyň bähbidine gönükdirilendir. 2025-nji ýylda Türkmenistan saglygy goramagy ählumumy durnuklylygyň binýady hökmünde ykrar edip, “Geljegiň lukmançylygy — raýdaşlyk we hyzmatdaşlyk” başlangyjyny işjeň öňe sürdi.

Forumyň açylyş dabarasynda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebiti edarasynyň sebitleýin direktory Hans Klýuge hem çykyş etdi. Ol BSGG-niň tagallalaryny yzygiderli goldaýandygy üçin Türkmenistanyň Hökümetine tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Myhmanyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk syýasaty saglygy goraýşyň we öňüni alyş diplomatiýasynyň bähbitlerine hyzmat etmegiň aýdyň nusgasy bolup durýar.

Ara alyp maslahatlaşmalaryň dowamynda Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek meselelerine aýratyn üns berildi. Foruma gatnaşyjylaryň umumy pikirine görä, BSGG-niň “Saglyk ähli syýasatda” atly ýörelgesi durnukly durmuş üpjünçilik ulgamlaryny döretmekde möhüm ähmiýete eýedir. Saglygy üpjün etmegiň esasy şertleri bolan bilim, ekologiýa we ykdysady durnuklylyk ýaly meseleleriň çözülmegi utgaşdyrylan tagallalary talap edýär. Birleşen Milletler Guramasynyň wekilleri öz çykyşlarynda saglygy goraýşyň halkara parahatçylyk bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyny nygtadylar. BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy bu ugurda bilelikdäki çözgütleri işläp taýýarlamak üçin ygtybarly meýdança hökmünde Türkmenistanyň wajyp ornuny belledi. Şeýle-de Arkalaşygyň çäklerindäki hyzmatdaşlyk meselelerine ähmiýet berildi. GDA-nyň Baş sekretarynyň foruma gatnaşyjylara iberen gutlagynda guramanyň giňişliginde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda Türkmenistanyň eýeleýän orny nygtalýar. Ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almak boýunça bilelikdäki tagallalar şu ýylda-da Arkalaşygyň ýurtlary üçin ileri tutulýan ugur bolup durýar.

Maslahatyň dowamynda Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň, Ermenistanyň wekiliýetleriniň ýolbaşçylary hem tejribelerini we garaýyşlaryny paýlaşdylar. Olaryň çykyşlarynda sebit hyzmatdaşlygynyň anyk ugurlarynda işgärleri taýýarlamak babatda tejribe alyşmak hem-de lukmançylyga innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak meselelerine üns çekildi. Moskwanyň döwlet halkara gatnaşyklary institutynyň prorektory çykyşynda saglygy goraýyş diplomatiýasynyň nazaryýet esaslary barada durup geçdi. BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy öz çykyşynda gurama bilen ýurdumyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini belledi. Nygtalyşy ýaly, milli kanunçylyga we saglygy goraýyş ulgamyna halkara standartlary ornaşdyrmak boýunça Türkmenistanda alnyp barylýan yzygiderli işler bu gün öz oňyn netijesini berýär.

Forumyň dowamynda Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek boýunça Aşgabat Jarnamasynyň ähmiýeti bellenildi. Bu resminama öňüni alyş çärelerini, sagdyn durmuş ýörelgelerini ileri tutulýan ugur hökmünde kesgitläp, bu ulgamda sebit ýurtlary bilen hyzmatdaşlykda ýolgörkeziji bolup durýar. Türkmen tarapy halkara hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini çözmekde tagallalary utgaşdyrmaga taýýardygyny ýene-de bir gezek tassyklady. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyga esaslanýan syýasaty ählumumy gün tertibiniň derwaýys meseleleri boýunça açyk hem-de netijeli dialog üçin amatly şertleri döredýär.

Forumyň birinji gününiň resmi bölegi tamamlanandan soňra, alypbaryjy çuň many-mazmunly çykyşlary üçin gatnaşyjylara hoşallyk bildirdi. Nygtalyşy ýaly, halkara okuw maslahatynyň ilkinji güni mundan beýläk-de seljerme işini alyp barmak, anyk maslahatlary işläp taýýarlamak üçin berk binýady goýdy. Foruma gatnaşyjylar çäräniň ýokary guramaçylyk derejesine ünsi çekip, türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlige hoşallyklaryny beýan etdiler.

Ählumumy saglygy goraýyş ulgamynda diplomatiýa boýunça ýokary derejeli halkara okuw maslahatynyň birinji gününiň netijeleri Aşgabadyň sebitiň intellektual merkezi hökmünde eýeleýän ornuny ynamly pugtalandyrýandygyny görkezdi. Çäre öz işini 18-nji fewrala çenli dowam eder.