2026-njy ýylyň 17-nji fewralynda Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçihanasynyň binasynda 2026-njy ýylyň "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany" atly şygaryna bagyşlap, şeýle hem Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli çäre geçirildi. Bu çärä Rumyniýada ýaşaýan türkmen talyplary we türkmen raýatlary gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
Çäräniň dowamynda 2026-njy ýyly "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany" şygary bilen yglan etmegiň Türkmenistanyň taryhy ösüşiniň dowamlylygyny, milli mirasyna hormat goýmagy we parahatçylykly we durnukly ösüşe ygrarlylygyny görkezýändigi bellenildi. Döwletliligiň nyşany hökmünde türkmen atynyň aýratyn orny, däp-dessurlaryň we ruhy gymmatlyklaryň dowamlylygy nygtaldy.
Çykyşlarda Türkmenistanyň daşary syýasatynyň hemişelik bitaraplyk, netijeli halkara gatnaşyklary hem-de sebit we ählumumy derejede ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýandygy bellenildi. Şu nukdaýnazardan, parahatçylygy, durnuklylygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlary öňe sürmekde türkmen diplomatiýasynyň ähmiýeti nygtaldy.
Bu çäre gatnaşyjylara 2026-njy ýylyň nyşany we diplomatik işgärleriň hünär baýramy babatda Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bilen tanyşdyrmak üçin goşmaça mümkinçilik döretdi.