Şu günlerde Türkmenistanyň medeniýet we sungat işgärleri zenanlarymyz üçin aýdym-sazly konsertleri we çykyşlary taýýarlaýarlar. «Melodiýa» orkestri hem paýtagtymyzyň zenanlary we Aşgabadyň myhmanlary üçin Halkara zenanlar güni mynasybetli «Onuň sesinde nur bar» atly konsert maksatnamasyny hödürleýär.
Sazandalar 6-njy martda sagat 19:00-da «Watan» kinokonsert merkezinde çykyş ederler. Konsertde Waleriý Meladze, Grigoriý Leps, Filipp Kirkorow ýaly meşhur aýdymçylaryň eserleri, şeýle hem fransuz şansonlarynyň sazlary we aýdymlary ýaňlanar. Olary Döwran Şammyýew, Bahar Durdyýewa, Ogulgerek Soltanmyradowa we Emir Baýramgeldiýew ýerine ýetirerler. Şeýle-de, maksatnama kompozitor Aýna Şirowanyň we «Радуга» çagalar horunyň çykyşlary hem girizildi.

Petekleri satyn almak üçin telefon belgiler:
+99362822827, +99363049686.
Mundan başga-da, Röwşen Nepesowyň orkestriniň sazandalary Halkara zenanlar güni mynasybetli zenanlar üçin karaoke görnüşinde «Söýgüli aýdymlaryňy orkestr bilen aýt» atly konsert taýýarladylar. Bu agşamda tomaşaçylar diňe bir diňleýji bolman, eýsem, ýerine ýetiriji hem bolup bilerler.

Şeýle görnüşdäki konsert ýurdumyzda ilkinji gezek geçiriler. Täze taslama bolany üçin, ol bir tarapdan özüne çekiji, beýleki tarapdan tolgundyryjy pursatlara baý bolar. «Söýgüli aýdymlaryňy orkestr bilen aýt» atly karaoke-konserti 9-njy martda «Watan» kinokonsert merkezinde (sagat 17:00-da we 19:00-da) geçiriler.