2026-njy ýylyň 16-18-nji fewraly aralygynda Türkiýe Respublikasynda geçirilen Türkmen kinosynyň günleriniň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýeti medeni hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, kinematografiýa, telewideniýe we sungat ulgamlarynda tejribe alyşmaga gönükdirilen birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi.

Şeýlelikde, 16-njy fewralda TÜRKSOÝ halkara guramasynyň binasynda Türkmenistanyň Medeniýet ministri A.Şamuradowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen guramanyň Baş sekretary S.Raýewiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda medeniýet ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmek hem-de bilelikdäki medeni taslamalary durmuşa geçirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
17-nji fewralda Türkmenistanyň Medeniýet ministri A.Şamuradow Türkiýe Respublikasynyň Medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoý bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşykda taraplar kino, teatr, saz sungaty ulgamlarynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň mümkinçiliklerini, şeýle hem bilelikdäki bilim we medeni-ynsanperwer maksatnamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

18-nji fewralda Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary A.Kakaýew Ankara saz we şekillendiriş sungaty uniwersitetiniň prorektory Baryş Demirçi bilen duşuşdy. Duşuşykda akademiki hyzmatdaşlygy ösdürmek, bilelikdäki okuw sapaklaryny, bilim maksatnamalaryny hem-de Türkmenistanyň talyplary we mugallymlary üçin döredijilik okuw sapaklaryny guramak mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Geçirilen duşuşyklar Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasy bilen medeni gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmaga, kino, saz, telewideniýe we sungat ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam berdi, şeýle hem türkmen medeniýetini halkara giňişlikde ilerletmek üçin täze mümkinçilikleri açdy.
Mundan başga-da, saparyň çäklerinde medeniýet ministri A.Şamuradowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Ankaranyň merkezinde ýerleşýän «Türkmenistan» seýilgähindäki beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasyna gatnaşdy.
Dabara dowamynda A.Şamuradow Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň dünýä edebiýatynyň we medeniýetiniň ösüşindäki aýratyn ornuny nygtady, şeýle hem 2026-njy ýylda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany» şygary astynda geçirilýän çäreler barada maglumat berdi.