Ï Türkmenistanyň Hindistandaky Ilçisi Hindistanyň ýerli atlar jemgyýetiniň wise-prezidenti bilen duşuşyk geçirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Hindistandaky Ilçisi Hindistanyň ýerli atlar jemgyýetiniň wise-prezidenti bilen duşuşyk geçirdi

view-icon 164
Türkmenistanyň Hindistandaky Ilçisi Hindistanyň ýerli atlar jemgyýetiniň wise-prezidenti bilen duşuşyk geçirdi

2026-njy ýylyň 19-njy fewralynda Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Ilçisi Ş.Geldynazarowyň we Hindistanyň ýerli atlar jemgyýetiniň Ösüş we sport boýunça wise-prezidenti Sarpartap Singhiň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.  

Duşuşygyň dowamynda taraplar atçylyk pudagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Ilçi Türkmenistanda Ahalteke tohum atlaryny ösdürip ýetişdirmek ugrynda döwlet derejesinde alnyp barylýan işler barada gürrüň berdi. 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylandygyny belläp, bu şygaryň astynda ýurdumyzda möhüm ähmiýetli çäreleriň, şol sanda her ýylyň aprel aýynda Türkmen bedewiniň milli baýramynyň giňden bellenip geçilýändigini aýtdy.

Sarpartap Singh Hindistanyň ýerli atlar jemgyýetiniň alyp barýan işi bilen tanyşdyryp, atçylyk pudagynda hyzmatdaşlygy ýola goýmakda uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi.