Dynç alyş günleriniň medeni çäreleriniň maksatnamasy dürli wakalara baý bolar. Hindistanyň Türkmenistandaky ilçihanasy Mary şäherinde gadymy däp-dessurlary, dini gymmatlyklary, şeýle hem ululara sarpa goýmak, maşgala mukaddesligi we myhmansöýerlik ýaly medeni köpdürlüligi özünde jemleýän Hindistanyň baý medeniýeti bilen tanyşdyrmaga gönükdirilen çäreler toplumyny guraýar.

20-nji fewralda sagat 16:30-da «Belent» söwda merkezinde hindi kinosynyň festiwalynyň açylyş dabarasy bolar.
20-nji fewralda sagat 18:00-da «Mary» myhmanhanasynda Hindistanyň ştatlary bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge bagyşlanan çäre geçiriler.

21-nji fewralda sagat 09:00-da Mary şäheriniň 4-nji sport mekdebinde ýoga boýunça ýöriteleşdirilen okuw geçiriler.
Aşgabadyň teatrlary we konsert zallary paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryny hem-de myhmanlaryny dynç alyş günlerinde meşhur eserler esasynda sahnalaşdyrylan sahna oýunlar we sazly çykyşlar bilen medeni dünýäsini baýlaşdyrmaga çagyrýarlar.
21-nji fewralda sagat 19:00-da Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Türkmen kinosynyň altyn owazlary» atly konsert bolar. Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň ýerine ýetirmeginde milli kinematografiýanyň nusgawy eserine öwrülen sazlar ýaňlanar.

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatry:
20.02.2026: «Gülki agşamy» 19:00;
21.02.2026: «Yşgyň gämisi» 19:00;
22.02.2026: «Tumar şa» (Ilkinji görkezilişi) 19:00.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry:
21.02.2026: «Öýlenmek» 19:00;
22.02.2026: «Körpe gelin» 19:00.
Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatry:
20.02.2026: «Gyzyl alma» 19:00;
21.02.2026: «Mähriban dideler» 19:00;
22.02.2026: «Yşk mekany Hindistan» 19:00.
A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatry:
21.02.2026: «Раз и два» 12:00;
21.02.2026: «Кукольный дом» (Ilkinji görkezilişi) 19:00;
22.02.2026: «Золушка» 11:00; 13:00;
22.02.2026: «Мадам» 19:00.
Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatry:
21.02.2026: «Hindi hekaýasy» 19:00;
22.02.2026: «Saňa ýalan, maňa çyn» 19:00.
Türkmen döwlet gurjak teatry:
21.02.2026: «Dostlar» 17:00;
21.02.2026: «Jüýteniň toýy» 19:00;
22.02.2026: «Maşa we aýy» 12:00; 17:00;
22.02.2026: «Aşyklar» 19:00.