2026-njy ýylyň 23-nji fewralynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Gruziýa iki günlük resmi sapary başlandy. Şol gün Gruziýanyň Parlamentinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň we Gruziýanyň Parlamentiniň Başlygy Ş.Papuaşwiliniň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň hem-de Gruziýanyň kanun çykaryjy edaralarynyň wekilleriniň duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy yzygiderli we ulgamlaýyn esasda ösýändigini hem-de özara bähbitli ugurlaryň giň gerimini öz içine alýandygyny bellediler. Bu hyzmatdaşlygyň çäklerinde özara düşünişmegi berkitmegiň we ikitaraplaýyn gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça tutýan orunlaryny utgaşdyrmagyň wajyp guraly bolup hyzmat edýän parlamentara gatnaşyklary aýratyn ähmiýete eýe bolýar.

Ýola goýlan parlamentara gatnaşyklarynyň okgunly häsiýetini nygtamak bilen, ýokary derejedäki parlament saparlarynyň ägirt uly orny, şeýle hem parlamentara dostluk toparlarynyň her ýylky duşuşyklary bellenip geçildi. Hyzmatdaşlygyň bu formaty döwletara gatnaşyklary berkitmegiň möhüm guraly bolup çykyş edýän we ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösmegine itergi berýän parlament diplomatiýasynda esasy orny hökmünde çykyş edýär.

Taraplar kanunçylyk başlangyçlaryny we bilelikdäki taslamalaryň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Dostluk toparlarynyň işini kämilleşdirmäge, tejribe alyşmaga we ugurdaş komitetleriň arasyndaky özara gatnaşyklary pugtalandyrmaga, şeýle hem yzygiderli we netijeli gepleşikler üçin şertleriň döredilmegine aýratyn üns berdiler. Türkmenistanyň Mejlisiniň Ýaş parlamentariler toparynyň we Gruziýanyň Parlamentiniň ýaş parlamentarileriniň, şeýle hem zenan parlamentarileriniň arasynda gatnaşyklary ýola goýulmagyna aýratyn ähmiýet berildi. Şeýle hem taraplar Halkara guramalaryň çäklerinde öňe sürülýän başlangyçlary özara goldamak tejribesini mundan beýläk-de dowam etdirmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Mejlisi bilen Gruziýanyň Parlamentiniň arasynda Hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga gol çekildi.

Taraplar bu resminamanyň parlamentara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk hem ösdürmek we ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmek üçin ygtybarly esas boljakdygyna ynam bildirdiler.