Şu gün Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni uly ruhubelentlik bilen garşylanyldy. Bu baýramçylyk mynasybetli esasy dabaralar, däp bolşy ýaly, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky “Nowruz ýaýlasynda” ýaýbaňlandyryldy.

ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen Nowruz baýramy köp milletleriň, şol sanda türkmen halkynyň ýokary ruhy-ahlak gymmatlyklaryny, milli däp-dessurlaryny özünde jemleýär. Ol medeniýetleriň taryhyny, durmuş dessurlaryny we maşgala däplerini, saz mirasyny häzirki zamanyň sungat ýörelgeleri bilen utgaşdyryp, adamlaryň şatlygyna şatlyk goşýar.

Hormatly Prezidentimiziň Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli halkymyza iberen Gutlagynda nygtaýşy ýaly, şu ýyl ýurdumyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramy giňden bellenilýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda berkarar Watanymyz syýasy, ykdysady, medeni-durmuş taýdan berkedi, halkymyzyň ýaşaýyş derejesi ýokarlandy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan beýik özgertmeler Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň halkara bileleşikdäki at-abraýyny ýokary derejä çykardy. Bu gün bedew batly Bitarap döwletimizde Milli bahar baýramynda — Halkara Nowruz gününde bagşy-sazandalarymyzyň ýerine ýetirýän aýdym-sazlary, döredijilik toparlarynyň folklor-tans çykyşlary, şahyrlarymyzyň okaýan goşgulary Nowruz nagmalary bolup, bagtyýar halkymyzy täze sepgitlere ruhlandyrýar.

...“Nowruz ýaýlasynyň” esasy girelgesinde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylyna bagyşlanan aýdym-sazly we tansly çykyşlar ýaýbaňlandyryldy.

Köpöwüşginli lybaslar, ähli ýerlerde ýaňlanýan aýdym-sazlar tebigatyň janlanmagynyň hem-de durmuşyň täzelenmeginiň hormatyna guralýan bu dabaralaryň çuňňur many-mazmuna eýedigini alamatlandyrýar. Giň ýaýla şatlykly baýramçylyk üçin ägirt uly sahna öwrüldi. Baýramçylyk dabaralaryna Hökümet agzalary, Mejlisiň, dürli ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. Bu ýere Watanymyzyň ähli künjeginden türkmenistanlylaryň köp sanlysy geldi. Şeýle hem 30-a golaý döwletden syýahatçylaryň 220-den gowragy bu dabaranyň şaýady boldy.

Baýramçylyk mynasybetli “Nowruz ýaýlasynda” köp sanly ak öýleri, sekileri, öý haýwanlary saklanylýan agyllary, atarylan gazanlary öz içine alýan gadymy türkmen obasy döredildi. Medeniýetleri özara baglanyşdyrýan Beýik Ýüpek ýolunyň merkezinde dörän we adamzadyň ösüşine uly goşant goşan gadymy türkmen şäherleriniň keşbi hem sazlaşykly utgaşdyrylypdyr.

Baýramçylygyň geçirilýän ýerinde owadan bezelen hiňňildikler gurnalypdyr. Hiňňildiklerde uçmak ruhy taýdan päklenmek hasap edilýär. Bu adat Nowruz baýramynda täze ýyla täze gujur, nurana niýetler bilen gadam basmaga mümkinçilik berýär. Baharyň gelmegi bilen, töweregimizdäki hemme zat gözümiziň alnynda özgerýär, toprak ýaşyl lybasa bürenýär. Bu gözel künjekde türkmen baharynyň gözelligi has aýdyň duýulýar. Tebigatyň gözelligi, Köpetdagyň dag etekleriniň ösümlikleriň we ilkinji gülleriň ysy bilen bark urýan arassa howasy ynsany ruhlandyrýar. Nowruzyň öň ýanynda türkmen topragyna ýagan bereketli ýagmyr daş-töweregi ýaşyl begrese büredi. Ýaşyl baýyrlaryň üstünde ajaýyp ahalteke atlaryny, çapyksuwarlary görmek bolýar. Baýramçylygyň geçirilýän ýerinde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly mynasybetli ajaýyp ahalteke bedewleriniň gözelligine bagyşlanan amaly-haşam, şekillendiriş sungatynyň eserlerine, at esbaplaryna, zergärçilik önümlerine aýratyn orun berlipdir.

“Nowruz ýaýlasynyň” girelgesinde myhmanlar duz-çörekli garşylanyldy. Çagalaryň ýerine ýetiren goşgulary aýratyn täsirli boldy. Nowruz diňe bir baharyň gelendigini buşlaýan sene bolman, eýsem, topragyň, tutuş tebigatyň janlanýandygyny alamatlandyrýar. “Nowruz” sözüniň manysy hem “täze gün” diýmegi aňladyp, bu günüň säherinde dogýan Güni ýüze sylyp, ýagşy arzuwlar bilen garşylamak asylly däbe öwrülipdir. Nowruz baýramy ynsanyň kalbynda hem aňynda ýagşy häsiýetleri, hoşniýetli duýgulary terbiýeleýär, daşky gurşawa, tebigata söýgi döredýär. Bu baýramyň taryhy kökleri Gündogaryň meşhur akyldarlarynyň şahyrana eserlerinde giňişleýin beýan edilýär. Müňýyllyklaryň geçendigine garamazdan, bu milli baýram häzirki wagtda hem jemgyýetimiziň durmuşynda möhüm orny eýeleýär, halklary dost-doganlyga, döredijilikli zähmete, täze üstünliklere, parahatçylyga çagyrýar. Şunuň bilen baglylykda, giň gerimli dabaralarda dünýä halklarynyň aýdym-saz, tans sungatyna, milli däplerine bagyşlanan çykyşlara aýratyn orun berildi. “Küştdepdi” tansy ýurdumyzda bellenilýän ähli dabaralaryň bezegi hökmünde hemmelere uly ruhubelentlik bagyşlaýar.

Bu ýerde geçmişiň meşhur alymlarynyň Beýik Ýüpek ýolunyň ýüreginde ýerleşýän gadymy türkmen topragynyň dünýä beren gymmatlyklaryna, şol sanda ahalteke bedewlerine bagyşlanan döredijilik kompozisiýasy ýaýbaňlandyryldy. Teatrlaryň artistleri Gündogaryň gadymy şäherlerine, gyzgalaňly bazarlaryna mahsus durmuşy täsirli janlandyrdylar.

Halyçylyk türkmen zenanlarynyň döredijilik zehinini özünde jemleýän we müňýyllyklaryň dowamynda dünýäni haýrana goýýan gadymy sungatdyr. Häzirki döwürde bu sungat beýleki gymmatlyklarymyz ýaly, täze mazmun bilen baýlaşdyrylyp, nesilden-nesle geçirilýär. Dabara gatnaşyjylar türkmen zenanlarynyň döredýän ajaýyp sungat eserleri — haly, keşdeçilik, dokma we keçe önümleriniň taýýarlanylyşy bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik aldylar. Ýeri gelende bellesek, türkmen milli halyçylyk we keşdeçilik sungaty, ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleri ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendir.

Gyz çykarmak, ogul öýermek bilen bagly toý däpleri halkymyzyň durmuşynyň aýrylmaz bölegini emele getirýär. Baýramçylygyň çäklerinde milli toý däp-dessurlary ýaýbaňlandyryldy. Türkmen halky ir döwürlerden bäri şatlykly günlerini, möhüm seneleri uludan toý tutup, dabaralandyryp gelipdir. Her toýuň öz aýratynlyklary bolup, olar kem-kemden durnukly däp-dessurlara öwrülip gidipdir. Toýlarda ýerine ýetirilýän dessurlar pederlerimiziň ruhy dünýäsiniň baý mazmunly bolandygyna güwä geçýär. Bagşylaryň aýdymlary, sazandalaryň şirin owazlary şol toýlaryň esasy bezegidir. Müňýyllyklaryň dowamynda dutar türkmen halkynyň ruhlandyryjysy boldy. Bu milli saz guralynyň özboluşly owazy özygtyýarly döwletimiziň Garaşsyzlygynyň, hemişelik Bitaraplygynyň, parahatçylyk söýüjiligiň, abadançylygyň, dost-doganlygyň senasyna öwrüldi. “Nowruz ýaýlasynda” ýaýbaňlandyrylan çykyşlar dünýä mirasy hökmünde ykrar edilen milli bagşyçylyk sungatynyň esaslarynyň üýtgewsizdigini, sazandalaryň we türkmen dessançylarynyň, bagşylaryň nesilleriň hem-de döwürleriň arabaglanyşygyny emele getirýändigini, olarda halkymyzyň watansöýüjilik ruhunyň, hoşniýetliligiň, ynsanperwerligiň jemlenýändigini görkezdi.

Türkmen toýy bolelinligiň, sahylygyň baýramydyr. Şunda dürli ýaryşlary guramak, baş baýrak goýmak toýlary gaýtalanmajak şüweleňe besleýär. Dabaranyň dowamynda emin ýurdumyzyň çar künjeginden gelen pälwanlaryň tutluşygyny yglan edýär. Baýramçylyk ruhuny belende göterýän pälwanlaryň inçelik bilen göreşe erk edişleri çuňňur gyzyklanma eýe boldy. Dabaranyň dowamynda çagalar milli oýunlary görkezdiler. Halkymyzyň asyrlaryň dowamynda tebigy aýratynlyklaryna laýyklykda döreden milli oýunlary ösüp gelýän ýaş nesilleri akyl, ahlak, beden taýdan terbiýelemekde örän uly ähmiýete eýedir.

Türkmenistanda geçirilýän milli baýramçylyklary ajaýyp ahalteke bedewlerine atlanan ökde çapyksuwarlarsyz göz öňüne getirmek kyndyr. “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň görkezme çykyşlary hemmeler üçin hakyky sowgat boldy. Bu topar diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, daşary ýurtlarda-da meşhurdyr. “Galkynyş” topary köp sanly halkara festiwallaryň baýraklarynyň eýesidir. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda hem toparyň daşary ýurtlarda birnäçe çykyşlarynyň guralmagy, abraýly bäsleşiklere gatnaşmagy meýilleşdirildi. Şu ýylyň başynda “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparyna sirk sungatyna uly goşandy üçin Bütindünýä sirk federasiýasy hem-de Ýewropa Sirk assosiasiýasy tarapyndan halkara şahadatnamalaryň gowşurylmagy şanly ýylyň ähmiýetini artdyran möhüm waka boldy. Sebäbi ahalteke atlarynyň gözelligi, asylly keşbi, syrdamlygy we ýyndamlygy, türkmen ýigitleriniň at çapmakda ussatlygy, ýerine ýetirýän çylşyrymly tilsimleri tomaşaçylarda hemişe üýtgeşik täsir galdyrýar.

Behişdi bedewleriň mekany bolan Türkmenistanda milli seýisçilik sungatyny gorap saklamak, öwrenmek we ösdürmek, häzirki döwürde onuň gadymy däplerini wagyz etmek hem-de dowam etdirmek, atçylyk sportuny höweslendirmek boýunça döwlet derejesinde giň gerimli işler alnyp barylýar. Halkymyzyň behişdi bedewlere uly sarpa goýýandygy at esbaplarynyň, şaý-sepleriniň nepislik bilen ýasalyşynda hem aýdyň beýanyny tapýar. Olar ahalteke atlaryna özboluşly bezeg berýär. Türkmen halkynyň milli senetleriniň hatarynda demirçilik we küýzegärlik, zähmet gurallaryny, at esbaplaryny, saz gurallaryny, keçe önümlerini taýýarlamak we beýlekiler bar. Olarda senetçileriň zähmetsöýerligi, zehini, döredijilik mümkinçilikleri öz beýanyny tapýar.

“Nowruz ýaýlasynda” ownuk we iri şahly mallaryň dürli görnüşlerini synlamak bolýar. Giň sähradaky dowarlaryň goragçysy bolan alabaýlar milli mirasymyzyň aýrylmaz bölegidir. Olary ösdürip ýetişdirmegiň däpleri geçen ýyl ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen milli gymmatlyklarymyzyň üstüni ýetirdi.

Tebigat bilen sazlaşykly ýaşamak, ony goramak ählumumy abadançylygyň gözbaşydyr. Şunuň bilen baglylykda, Milli bahar baýramy mynasybetli Diýarymyzda ählihalk bag ekmek dabarasynyň yzygiderli geçirilip, müňlerçe bag nahallarynyň oturdylýandygyny bellemek gerek. Netijede, seýilgähleriň we baglaryň sany ýylsaýyn artýar, ynsan eli bilen döredilen tokaý zolaklarynyň meýdany giňeýär. Türkmenistanda daşky gurşawy goramak, biodürlüligi saklamak, tebigy baýlyklary tygşytly peýdalanmak, ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna ekologik taýdan arassa, “ýaşyl” tehnologiýalary ornaşdyrmak babatda alnyp barylýan işler ekologik abadançylygy üpjün etmäge gönükdirilendir. Türkmenistan bu ugurda dünýä bileleşiginiň öňünde durýan derwaýys meseleleriň çözülmegine anyk goşant goşup, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak, onuň netijelerini ýeňip geçmek bilen bagly halkara başlangyçlary öňe sürýär.

Bu ýerde milli tagamlaryň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Ol saçaklaryň dürli naz-nygmatlardan dolulygy, iň gowy aşpezler tarapyndan taýýarlanan milli tagamlaryň köpdürlüligi bilen haýran galdyrýar. Aşpezlik sungatynyň ussatlary myhmanlara dürli tagamlary hödür etdiler. Umuman, “Nowruz ýaýlasyndaky” dabaralar diňe bir dynç almak üçin däl, eýsem, milli mirasymyzyň gymmatlyklary bilen ýakyndan tanyşmak üçin hem giň şertleri özünde jemleýän özboluşly baýramçylykdyr.

Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz gününe bagyşlanyp, bu ýerde Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti geçirildi. Onuň dowamynda aýdym-sazlar, tans we halk döredijiligi eserleri, Watanymyzy, täze taryhy döwrümizi, gazanýan uly üstünliklerimizi wasp edýän çykyşlar ýerine ýetirildi. Halk sazlary, aýdymdyr tanslar döwrebap äheňler bilen sazlaşykly utgaşdy. Munuň özi nesilleriň we döwürleriň üznüksiz arabaglanyşygynyň, türkmen sungatynyň gülläp ösüşiniň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Konsert tamamlansa-da, “Nowruz ýaýlasyndaky” baýramçylyk, şeýle hem tutuş ýurdumyzda dabaralar dowam etdi.

Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli dabaralar Arkadag şäherinde, Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynda hem geçirildi. Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde ýaýbaňlandyrylan baýramçylyk çäreleri, sergiler, konsertler ildeşlerimiziň şatlygyna şatlyk goşdy.
