Ï Özboluşly muzeýi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Özboluşly muzeýi

view-icon 244
Özboluşly muzeýi

Daşoguz şäherinde geçirilýän «Dünýäde ýaňlanýar ajap dessanym, toý tutýar Garaşsyz Türkmenistanym» atly dessançy bagşylaryň festiwalynyň geçiriljek günlerinde, oňa gatnaşyjylar welaýat merkezinde ýerleşýän bagşylar muzeýine baryp görmegi meýilleşdirýärler.

1992-nji ýylyň dekabrynda döredilen bu muzeý öz ugry boýunça özboluşly medeni ojakdyr. Şu günki günde ol milli ruhy-medeni gymmatlyklarymyzy we däp-dessurlarymyzy öwrenmekde hem-de wagyz etmekde, bagşyçylyk sungatyny giňden ýaýratmakda uly işleri amala aşyrýar.

Häzirki wagtda muzeýiň gaznasynda aýdym-saz sungatyna degişli müňlerçe edebiýatlar we ýüzlerçe gymmatlyklar saklanylýar. Olaryň arasynda dutar, gyjak, gopuz, tüýdük ýaly milli saz gurallary bar. Bu ýerde hemişelik esasda «Zenan bagşylar», «Sazandalar», «Folklor», «Bagşylar», «Gyjakçylar» ýaly ondan gowrak diwarlyklar hereket edýär. Olar sebitiň aýdym-saz sungatynyň ýüz ýyldan gowrak ösüş taryhyny öz içine alýar.

Muzeýde Magtymguly Garlyýew, Nazar baga, Öre Şyh ýaly ussat bagşylaryň, zenan bagşylardan Akjagül Myradowanyň, Sülgun Meretgeldiýewanyň we başgalaryň döredijilik ýoly barada gürrüň berýän maglumat diwarlyklary ýerleşdirilipdir. Häzirki wagtda olaryň ýoluny dowam etdirýän ýaş nesiller muzeý bilen yzygiderli gatnaşyk saklaýarlar.

Muzeýiň gaznasy sungat söýüjiler tarapyndan sowgat berilýän täze gymmatlyklar bilen yzygiderli baýlaşdyrylýar. Ýakynda gelen gymmatlyklaryň arasynda Türkmenistanyň halk bagşysy Ilaman Annaýewiň portreti aýratyn orun tutýar.

Mälim bolşy ýaly, Daşoguz welaýatynda dutar, gyjak we beýleki milli saz gurallaryny ýasamak seneti ýokary derejede ösendir. Bu ugurda zähmet çekýän ussatlar hem öz işlerini ýygy-ýygydan muzeýe sowgat berýärler.