Ï Medeni çäreleriň bildirişi: sergiler, konsertler we sahna oýunlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Medeni çäreleriň bildirişi: sergiler, konsertler we sahna oýunlar

view-icon 350
Medeni çäreleriň bildirişi: sergiler, konsertler we sahna oýunlar

Golaýlap gelýän dynç alyş günleri paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we myhmanlary üçin dürli medeni çäreler geçiriler. Şäherimiziň muzeýleri, konsert zallary we teatrlary ähli gyzyklanma bildirýänleri maşgala bolup dynç almaga çagyrýar.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Şekillendiriş sungatynyň sergi merkezinde Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Oraz Agabaýewiň sergisi guralýar. Sergide suratkeşiň döredijilik ýolunyň dürli ýyllarynda döreden grafiki işleri görkezilýär. Sergi 7-nji aprele çenli dowam eder we giriş tölegsizdir.

5-nji aprelde sagat 19:00-da Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Soundtracks live» atly konsert bolar. Onda Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri tarapyndan meşhur kinofilmleriň sazlary ýerine ýetiriler.

Dynç alyş günleriniň medeni çäreleriniň üstüni paýtagtymyzyň teatrlarynda görkeziljek sahna eserleri doldurar.

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatry:

05.04.2026: «Hindi rowaýaty» 19:00.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry:

04.04.2026: «Körpe gelin» 19:00;

05.04.2026: «Päk söýginiň güýji» 19:00.

Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatry:

04.04.2026: «Oýun bir – maza iki» 19:00;

05.04.2026: «Gumly gelin» 19:00.

A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatry:

04.04.2026: «Аладдин и волшебная лампа» 12:00;

04.04.2026: «Мадам» 19:00;

05.04.2026: «Золушка» 11:00; 13:00;

05.04.2026: «Кукольный дом» 19:00.

Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatry:

04.04.2026: «Hindi hekaýasy» 19:00;

05.04.2026: «Saňa ýalan, maňa çyn» 19:00.

Türkmen döwlet gurjak teatry:

04.04.2026: «Dostlar» 17:00;

04.04.2026: «Çagaly öý bazar» 19:00;

05.04.2026: «Altyn jüýje» 12:00; 17:00;

05.04.2026: «Çagaly öý bazar» 19:00.