2026-njy ýylyň 4-nji aprelinde Fransiýanyň Gretz-Armanwilýe şäherinde Türkmenistanyň Fransiýadaky Ilçihanasy tarapyndan Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen bilelikde guralan Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti geçirildi. Çäre 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygaryna bagyşlandy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
Çärä ýerli häkimiýet wekilleri, medeniýet işgärleri, diplomatik korpusyň agzalary hem-de türkmen halkynyň baý medeni mirasyna uly gyzyklanma bildiren sebitiň köpsanly ýaşaýjylary gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Fransiýadaky Ilçisi Maksat Çaryýew öz çykyşynda medeni dialogyň halklary ýakynlaşdyrmakdaky möhüm ornuny belläp, medeniýetiň ýurtlaryň arasynda dostlugy we özara düşünişmegi pugtalandyrýan möhüm serişdedigini nygtady.
Ilçi şäher häkimine, şeýle hem Gretz-Armanwilýe şäheriniň häkiminiň orunbasary we «Fransiýa–Türkmenistan» Assosiasiýasynyň Prezidenti jenap Kristian Burdeýe çäräniň ýokary derejede guralmagyna goşan goşandy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Bellenilişi ýaly, 2026-njy ýyl Türkmenistanda ahalteke bedewiniň ýyly hökmünde yglan edildi. Ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmek sungaty ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi.
Konsertiň dowamynda milli aýdym-sazlar, halk döredijilik eserleri we sungat ussatlarynyň çykyşlary görkezilip, myhmanlara türkmen medeniýeti bilen has ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik döredildi.
Çäräniň çäginde guralan sergide Türkmenistanyň Prezidentiniň we türkmen halkynyň Milli Lideriniň kitaplary, şeýle hem türkmen halkynyň medeni mirasynyň gymmatlyklary — halylar, milli el işleri we saz gurallary görkezildi.
Myhmanlar dutaryň owazyny bagşy ýerine ýetirişinde diňläp, şeýle hem türkmen milli tagamlary bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar.