Ï Röwşen Nepesow: Ýene-de karaoke
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Röwşen Nepesow: Ýene-de karaoke

view-icon 227
Röwşen Nepesow: Ýene-de karaoke
Röwşen Nepesow: Ýene-de karaoke
Röwşen Nepesow: Ýene-de karaoke
Röwşen Nepesow: Ýene-de karaoke
Röwşen Nepesow: Ýene-de karaoke
Röwşen Nepesow: Ýene-de karaoke
Röwşen Nepesow: Ýene-de karaoke
Röwşen Nepesow: Ýene-de karaoke
camera-icon
Ýusup Türşekow

«Watan» kinokonsert merkezinde Röwşen Nepesowyň wokal-instrumental toparynyň gatnaşmagynda karaoke-konserti boldy.

Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Röwşen Nepesow tomaşaçylara ýüzlenip: «Daşarda aprel aýy – bahar doly güýjünde. Göwnüň aýdym aýdasy gelýär! Biz aýdym aýdanymyzda bagtly bolýarys. Şonuň üçin hem biz ähli tomaşaçylara biziň bilen bilelikde aýdym aýtmagy teklip edýäris» diýip belledi.

Kosmonawtika gününde geçirilen bu konsert «Zemlýane» toparynyň aýdymy bilen başlandy. Bu aýdym adamzadyň iň uly üstünlikleriniň biri bolan Ýuriy Gagariniň taryhda ilkinji gezek äleme uçuşyny tomaşaçylaryň ýadyna saldy.

Döredijilik agşamynda estrada aýdymçylary Eziz Jumanyýazow, Selim Gurbansähedow, Aýna Baýramgeldiýewa we Seýitmuhammet Ilamanow dagylar çykyş etdiler. Konsert üçin birnäçe nesilleriň ýadynda galan söýgi hakyndaky meşhur aýdymlar saýlanyp alyndy. Sahna meýdançasynda «Я люблю тебя до слёз», «Я искала тебя», «Ласковая моя», «Ах, какая женщина», «Лучшее – в тебе», «Я эту жизнь тебе отдам» ýaly başga-da birnäçe eserler ýaňlandy.

Mundan başga-da, tomaşaçylar üçin nobatdaky garaşylmadyk sowgat – «Zaldaky adam» taslamasy boldy. Bu gezek Margarita şol taslamanyň gahrymanyna öwrüldi. Margarita hünäri boýunça wokal mugallymy bolsa-da, hiç wagt sahnada çykyş etmändir. «Sahnada çykyş etmek örän tolgundyryjy eken» diýip, ol öz täsirleri biziň bilen paýlaşdy we tomaşaçylardan özüni goldamagy haýyş etdi. Ak göwünli tomaşaçylar hem oňa goşulyp «Я буду всегда с тобой» aýdymyny bilelikde ýerine ýetirdiler.

Gurbanmyrat Dagbaşyýewiň «Aýna gyz» aýdymy bolsa maksatnamanyň iň täsirli pursatlarynyň biri boldy. Mundan öňki «Aý, Jennet!» aýdymy bilen geçirilen karaoke-konsertindäki ýaly, bu gezek hem Röwşen Nepesow zaldaky Aýna atly gyzlaryň ählisiniň ýerinden turmagyny haýyş etdi. Zaldaky tomaşaçylaryň tas ýarysyna golaýy turdy. Adamlar söýülip diňlenilýän bu mukamyň astynda aýdym aýtdylar we tans etdiler.

Tomaşaçylar konsert maksatnamasyna gatnaşyjylary dowamly el çarpyşmalar bilen garşyladylar. Zalyň haýyşy boýunça Ýuriy Şatunowyň «И снова седая ночь» aýdymy gaýtadan ýerine ýetirildi. Sazly agşam hemmelere şatlyk paýlap, ýatdan çykmajak ýakymly duýgulary bagyşlady.