Aşgabatda badalga alan «Turkmentravel – 2026» halkara forumynyň çäklerinde Türkmenistanyň medeniýet ministri Atageldi Şamyradow ýurdumyzyň syýahatçylyk pudagyny ösdürmegiň strategiýasyny tanyşdyrdy. Pudaklaýyn edaranyň ýolbaşçysynyň çykyşy üýtgeşik mirasymyzy aýap saklamaga, şeýle-de täze meşhur ugurlary döretmäge degişli boldy.
A. Şamyradow Türkmenistanyň umumadamzat gymmatlyklarynyň desgalarynyň saklaýjysydygyny ýatlatdy. ÝUNESKO-nyň sanawyna girizilen Gadymy Merw we Köne Nusaý taryhy syýahatçylygyň merkezleri bolup durýar. Olaryň ýany bilen tebigy ugurlar – Köýtendag gowaklary we dinozawrlaryň aýak yzlary saklanyp galan tekizligi hem işjeň özleşdirilýär. Häzirki wagtda bu künjekler alymlar we arheologlar tarapyndan öwrenilýär, bu bolsa ekosyýahatçylygy söýüjiler üçin olary elýeterli we maglumat taýdan doly görnüşe getirmäge mümkinçilik berer.
Hasabatda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berildi. Russiýa, Azerbaýjan, Gazagystan we Eýran bilen bilelikde sebit üçin täze kuwwatly ugur boljak kruiz gatnawlaryny ýola goýmak boýunça işjeň işler alnyp barylýar.
Merkezi Aziýa ýurtlary bilen bilelikde «Bir syýahat – bütin sebit» atly konsepsiýasy ornaşdyrylýar. Bu bolsa syýahatçylara bir gezelençde Beýik Ýüpek ýolunyň esasy ýadygärliklerine baryp görmäge şert döreder.
Halkara integrasiýasy baradaky mowzugy dowam etdirip, A.Şamyradow Türkmenistanyň dünýäniň iri guramalary bilen gatnaşyklaryny yzygiderli giňeldýändigini nygtady.
«Häzirki wagtda Türkmenistanda dünýäniň köp ýurtlarynyň syýahatçylyk edaralary bilen halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça işjeň işler alnyp barylýar. Olaryň arasynda BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany sebiti boýunça Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça komissiýasy, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Syýahatçylyk boýunça departamenti, Aziýa ösüş bankynyň Merkezi Aziýa sebitinde Ykdysady hyzmatdaşlygy maksatnamasynyň wekilleri we birnäçe beýleki guramalar bar» diýip, A.Şamyradow aýtdy.
Bu strategiýa Türkmenistany dünýäniň syýahatçylyk kartasynda iň ajaýyp ýurtlaryň birine öwürjek açyk we innowasion gurşawy döretmäge gönükdirilendir diýip, degişli ministrligiň ýolbaşçysy sözüni jemledi.