Ï Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky hyzmatdaşlyk diňe iki döwletiň bähbitlerine däl, eýsem, tutuş Merkezi Aziýa sebitini ösdürmegiň maksatlaryna hem hyzmat edýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky hyzmatdaşlyk diňe iki döwletiň bähbitlerine däl, eýsem, tutuş Merkezi Aziýa sebitini ösdürmegiň maksatlaryna hem hyzmat edýär

view-icon 660
Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky hyzmatdaşlyk diňe iki döwletiň bähbitlerine däl, eýsem, tutuş Merkezi Aziýa sebitini ösdürmegiň maksatlaryna hem hyzmat edýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyry özleşdirmäge badalga bermek dabarasyndaky çykyşynda, bu mümkinçilikleri netijeli ulanmak diňe Aşgabat bilen Pekiniň bähbitlerine däl-de, eýsem, tutuş Merkezi Aziýa sebitini ösdürmegiň maksatlaryna hem doly laýyk gelýändigini nygtady.

«Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyrynda ýylda 10 milliard kub metr harytlyk gazy taýýarlaýan desganyň we şol möçberdäki gazy çykarmaga niýetlenen guýularyň gurluşygyna badalga berildi.

Gahryman Arkadagymyz dabara gatnaşyjylarynyň öňünde çykyş edip, Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky energetika hyzmatdaşlygynyň aýratyn ähmiýetini belläp, ünsi esasy ugurlara çekdi.

«Iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny aýratyn bellemek isleýärin. Bu mümkinçilikleri netijeli ulanmak diňe bir iki döwletiň bähbitlerine däl-de, eýsem, tutuş Merkezi Aziýa sebitini ösdürmegiň maksatlaryna hem doly laýyk gelýär. Şoňa görä-de, ýurdumyz Hytaýa öz strategik hyzmatdaşy, şol sanda nebitgaz pudagynda esasy hyzmatdaşy hökmünde garaýar» – diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri belledi.

Türkmenistanyň eksport mümkinçiliklerini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, dürli ugurlar boýunça turba geçirijiler ulgamyny döretmek ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Dünýäde iň iri gaz ýataklarynyň biri bolan «Galkynyş» gaz käniniň senagat taýdan özleşdirilmegi hem döwletimiziň energetika strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmekde, eksporta niýetlenen çig mal binýadyny berkitmekde uly ähmiýete eýedir.