2026-njy ýylyň 22-nji aprelinde Buharest şäheriniň Agrar ylymlary we weterinar lukmançylygy uniwersitetinde Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçihanasy bilen bilelikde gibrid görnüşde halkara ylmy tegelek stol maslahaty geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
Oňa S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, A.Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň wekilleri, şeýle hem atçylyk ugry boýunça Rumyniýanyň öňdebaryjy ylmy we bilim edaralarynyň, ýagny Buharest şäheriniň Agrar ylymlary we weterinar lukmançylygy uniwersitetiniň, Ion Ionesku de la Brad adyndaky Ýass tebigy ylymlar uniwersitetiniň, Rumyniýanyň döwlet atçylyk hojalygynyň we Zetea weterinar klinikasynyň wekilleri gatnaşdylar.
Çäre Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna we 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” atly şygaryna bagyşlanyp geçirildi.
Çykyşlaryň dowamynda taraplar milli atçylygy ösdürmegiň ähmiýeti we atçylyk sportunda ýetilen sepgitler barada çykyş edip, şol bir wagtyň özünde bilim we ylym ulgamlarynda türkmen-rumyn hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesini nygtadylar.
Tegelek stol maslahatynyň dowamynda atçylygy ösdürmegiň, onuň ykdysady netijeliligini ýokarlandyrmagyň we pudagy durnukly dolandyrmagyň meseleleri, “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň gazanan üstünlikleri, weterinariýa we maldarçylyk ulgamyndaky häzirki zaman ugurlary, şeýle hem bilim hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Çärä gatnaşyjylara mowzuklaýyn prezentasiýalar we wideoýazgylar görkezildi, şeýle hem türkmen bedewleriniň türkmen halkynyň durmuşyndaky ornuny şöhlelendirýän sergi guraldy.
Çäräniň jemleri boýunça onuň ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmakda, tejribe alyşmagy giňeltmekde we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm ädim bolup durýandygy nygtaldy.