Ï Türkmenistanly mugallymlar Rumyniýada hünär ýokarlandyryş okuwyny geçýärler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanly mugallymlar Rumyniýada hünär ýokarlandyryş okuwyny geçýärler

view-icon 127
Türkmenistanly mugallymlar Rumyniýada hünär ýokarlandyryş okuwyny geçýärler

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymlary tehniki we inženerçilik bilimi ulgamynda Rumyniýanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Kluž-Napoka Tehniki uniwersitetinde hünär ýokarlandyryş okuwyny geçýärler.

Okuw saparynyň çäklerinde ýokary okuw mekdebiň binýadynda emeli aňy, innowasion bilim tehnologiýalaryny hem-de durnukly ösüşiň esasy ugurlaryny öwrenmäge gönükdirilen umumy okuwlary, okuw maslahatlaryny, çekişmeleri, şeýle hem amaly we tejribe okuwlaryny özünde jemleýän giň gerimli maksatnama guraldy.

Okuwlarda oňa gatnaşyjylar okatmagyň öňdebaryjy usullary, okuw maksatnamalaryny işläp taýýarlamaga innowasion çemeleşmeler we maglumat ulgamynda dünýäniň häzirki ýagdaýlary bilen tanyşýarlar. Şunuň bilen baglylykda hyzmatdaş ýokary okuw mekdepleriniň ikisiniň mugallymlary bilelikde innowasion ylymlar, «akylly» tehnologiýalar hem-de durnukly ösüş babatda hünärmenleri taýýarlamak üçin zerur bolan iş başarnyklary bilen nazary bilimleriň özara baglanyşygyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Ikitaraplaýyn duşuşygyň dowamynda ýokary okuw mekdepleriň ylym-bilim mümkinçiliklerine giňişleýin garaldy. Rumyniýaly kärdeşler hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitaby bilen tanyşdyryldy.

Soňra türkmen mugallymlary uniwersitetiň döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen ylmy barlaghanalaryna baryp gördüler.

Saparyň dowamynda geljekde talyplaryň hem-de mugallymlaryň ylym-bilim mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirilen täze okuw çärelerini geçirmegiň meýilnamalaryny maslahatlaşmak üçin ikitaraplaýyn duşuşyklary guramak bellenildi.

Rumyniýada hünär ýokarlandyryş okuwynyň geçirilmegi mugallymlaryň hünär taýdan ösmegi, bilim maksatnamalaryny işläp taýýarlamak we durmuşa geçirmek babatda tejribe alyşmak, okatmagyň iň täze usulyýetlerini öwrenmek hem-de bilim we ylmy barlaglar ulgamynda mundan beýläk-de bilelikde işlemek maksady bilen ýokary okuw mekdepleriň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin netijeli meýdançadyr.

Türkmen ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary üçin bilim çäresi Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty bilen Kluž-Napoka uniwersitetiniň arasynda 2019-njy ýylda hyzmatdaşlyk etmek hakynda gol çekilen Ylalaşygyň çäklerinde yzygiderli esasda rumyn uniwersitetiniň binýadynda geçirilýär.