Ï Ahalteke bedewleri — dünýä atşynaslygynyň naýbaşy nusgasy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ahalteke bedewleri — dünýä atşynaslygynyň naýbaşy nusgasy

view-icon 191
Ahalteke bedewleri — dünýä atşynaslygynyň naýbaşy nusgasy
camera-icon
Alekseý Gimalitdinoý

Şu gün S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty» atly XVIII halkara ylmy maslahat geçirildi.

Halkara maslahatyň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar ahalteke bedewleriniň gözelligini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, haly önümlerinde, zergärçilikde, fotosuratlarda çeper beýan edýän döredijilik eserleriniň sergisini synladylar. Mälim bolşy ýaly, ahalteke atlary halkymyzyň durmuşynda we medeniýetinde möhüm orny eýeleýär. Gözelligiň, ýyndamlygyň, güýç-kuwwatyň nyşany bolan bedewleriň keşbi ähli döwürlerde hem ylham çeşmesi bolupdyr. Häzirki döwürde döredijilik eserlerinde ahalteke bedewi Watanymyzyň berkararlygynyň we okgunly ösüşiniň nyşany bolup orta çykýar. Bu aýratynlyk Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp ahalteke bedewlerine, milli atşynaslyk sungatyna bagyşlap döreden eserleriniň içinden hem eriş-argaç bolup geçýär.

Soňra ýokary okuw mekdebiniň mejlisler jaýynda halkara ylmy maslahatyň umumy mejlisi öz işine başlady. Onda çykyş edenler Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli gutlaglaryny beýan etdiler. Nygtalyşy ýaly, Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy bellenilýän «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda bu baýramçylyk mynasybetli geçirilýän çäreler aýratyn many-mazmuna eýedir. Gadymy türkmen topragynda pederlerimiz tarapyndan asyrlaryň dowamynda kemala getirilip, umumadamzat gymmatlygyna öwrülen behişdi bedewlerimiz Ýer ýüzünde bar bolan tohum atlaryň arasynda iň naýbaşylarynyň biridir. Munuň şeýledigini ahalteke atçylyk sungatynyň we atlary bezemek däpleriniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi hem doly tassyklaýar. Wepadarlygy, owadanlygy, ýyndamlygy, çydamlylygy bilen halkymyzyň göz guwanjyna, milli buýsanjyna öwrülen behişdi bedewlerimiz ilimiziň uçar ganaty we köňül buýsanjydyr.

Çykyşlarda şöhratly ata-babalarymyzyň zähmetsöýerligi we zehini bilen bu täsin tohumy döredip, onuň arassalygyny saklap gelendiklerine üns çekildi. Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary esasynda müňýyllyklaryň jümmüşinden gözbaş alýan atçylyk sungatymyza kuwwatly itergi berildi. Ýurdumyzda ahalteke atlarynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak, olaryň baş sanyny artdyrmak we seleksiýa-tohumçylyk işleriniň hilini döwrebaplaşdyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi.

Diýarymyzda döwrebap atçylyk sport toplumlary, ugurdaş ylmy-okuw merkezleri gurlup ulanmaga berilýär, atşynaslaryň ýaşaýyş-durmuş we iş şertleri yzygiderli gowulandyrylýar, atçylyk pudagy üçin ýaş hünärmenler taýýarlanylýar. Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň, Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň döredilmegi munuň aýdyň mysalydyr.

Behişdi bedewleriň gözelligi, çydamlylygy, asyllylygy, wepalylygy we duýgurlygy, türkmen atşynaslarynyň, seýisleriniň, seçgiçileriniň ýokary ussatlyk derejesi hemmeleri haýran galdyrýar. Behişdi bedewleriň mekany bolan Türkmenistan bilen atçylyk pudagynda özara gatnaşyk etmäge gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň sany barha artýar. 2010-njy ýylda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda döredilen Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy dürli döwletleriň atçylyk düzümleriniň hünärmenleriniň hyzmatdaşlygy üçin abraýly meýdança öwrüldi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtly atşynaslaryň ahalteke bedewlerini ýetişdirmek boýunça asylly işlerine mynasyp baha berilýär. Olara «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy», «Türkmenistanyň halk atşynasy», «Türkmenistanyň ussat halypa çapyksuwary», «Türkmenistanyň ussat halypa seýsi» diýen hormatly atlar dakylýar. Abraýly halkara festiwallaryň we bäsleşikleriň iň ýokary baýraklaryna mynasyp bolup gelýän «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň dünýädäki meşhurlygy gün-günden artýar. Şu ýylyň başynda Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen halkara sirk festiwalynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna sirk sungatyna goşan uly goşandy üçin Bütindünýä sirk federasiýasy hem-de Ýewropa Sirk assosiasiýasy tarapyndan halkara şahadatnamalaryň gowşurylmagy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan şu ýylyň ähmiýetini has-da artdyrdy.

Maslahatyň dowamynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli, ýurdumyzyň atçylyk pudagyny ösdürmekde aýratyn tapawutlanan we saldamly goşandyny goşan atşynaslara «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany okaldy. Hormatly ada eýe bolanlar ata-babalarymyzdan miras galan milli atşynaslyk sungatymyzy ösdürmek babatda döwrebap şertleri döredýändikleri hem-de bu ugurda zähmet çekýän atşynaslara berýän ýokary bahasy üçin türkmen halkynyň Milli Liderine we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

«Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty» atly XVIII halkara ylmy maslahatda Ýewropanyň, şol sanda Germaniýanyň, Türkiýäniň abraýly atçylyk assosiasiýalarynyň ýolbaşçylarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň sanly ulgam arkaly eden çykyşlary hem diňlenildi. Olar dünýä atşynaslygynyň kemala gelmeginde möhüm orny eýelän ahalteke atlaryny ösdürip ýetişdirmek boýunça häzirki wagtda durmuşa geçirýän işleri, behişdi bedewiň keşbiniň türki we beýleki halklaryň medeniýetine ýetiren täsiri barada gürrüň berdiler. Daşary ýurtly wekiller ahalteke atlarynyň baş sanyny artdyrmak, seçgiçilik işini kämilleşdirmek, türkmen halkynyň gadymdan gelýän atşynaslyk sungatyny, bu ugurda durmuşa geçirilýän nusgalyk işleri dünýäde wagyz etmek boýunça ýurdumyzyň ugurdaş düzümleri bilen hyzmatdaşlyga taýýardyklaryny beýan etdiler.

Maslahatda ahalteke atlarynyň baş sanyny artdyrmak, ýurdumyzda bitýän dermanlyk ösümlikler arkaly olaryň immun ulgamyny berkitmek bilen bagly ylmy barlaglar, bedewiň nusgawy edebiýatdaky waspy baradaky çykyşlar hem diňlenildi. Halkara ylmy maslahatyň “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ahalteke bedewleriniň waspy”, “Ahalteke atlaryny weterinariýa talaplaryna laýyklykda saklamagyň, iýmitlendirmegiň we seýislemegiň aýratynlyklary”, “Ahalteke bedewiniň dünýä atşynaslygynda tutýan orny” atly bölümçelerinde edilen çykyşlar milli atşynaslyk sungatynyň geçen ýoluny we häzirki gazananlaryny hemmetaraplaýyn açyp görkezdi.

Foruma gatnaşyjylar «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda geçirilýän şeýle çäreleriň ýurdumyzda atşynaslyk pudagynda gazanylan üstünlikler bilen dünýä jemgyýetçiligini tanyşdyrmaga, tejribe alyşmaga, daşary ýurtlaryň assosiasiýalary we pudaklaýyn guramalary, hususy atşynaslar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam berýändigini nygtadylar. Halkara maslahatda behişdi bedewleriň gadymy mekanynda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeler, halkymyzyň abadan durmuşynyň bähbidine edilýän tagallalar üçin Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize hoşallyk sözleri beýan edildi.