20 – 21-nji aprel aralygynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty tarapyndan guralan «IT-Zehin: sanly synag – 2026» atly hakaton bäsleşigine ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň 19-syndan talyplar gatnaşdylar.
Hakaton bäsleşigi onlaýn görnüşinde, şahsy we toparlaýyn test ýaryşlarda geçirildi.
IT-bäsleşiginiň netijeleri boýunça baş baýraga Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyby Berdimyrat Aşyrmyradow mynasyp boldy.
Birinji orna Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby Begmyrat Rozyýew hem-de Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň talyby Gadam Muhammetöwezow eýe boldular.
Ikinji orny Serdar Öwezmyradow (Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti), Kakajan Döwranow (Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti), Perman Kakajanow (Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty) we Döwran Akmyradow (Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti) eýelediler.
Üçünji orna Muhammet Wepamyradow («Türkmengaz» döwlet konserniniň Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebi), Arslan Baýramow we Arslan Sunnatow (Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty), Nurmuhammet Aşyrow (Türkmenistanyň Serhet instituty) hem-de Baýmyrat Aşyrow (Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty) mynasyp boldular.
Toparlaýyn bäsleşikde baş baýraga Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyplary eýe boldy.
Birinji orny Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň topary, ikinji orny Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň topary, üçünji orny Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň topary eýeledi.
Hakaton bäsleşiginiň ýeňijileri guramaçy ýokary okuw mekdebi tarapyndan degişli derejeli diplomlar bilen sylaglanyldy.
Hakaton bäsleşigi ýaş zehinleri ýüze çykarmak we goldamak, talyplaryň hünär taýýarlygynyň hilini ýokarlandyrmak, olaryň döredijilik we innowasion ukyplaryny, seljeriş ukybyny, saýlap alan hünärine bolan gyzyklanmasyny ösdürmek, şeýle hem özbaşdak we toparda işlemek endiklerini kemala getirmek, dürli ugurlar üçin IT-çözgütleri işläp düzmek hem-de olaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen geçirildi.
Bäsleşik «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmegiň we onuň hiline gözegçilik etmegiň çäreler meýilnamasynyň çäklerinde guraldy.