Ï Täze okuw kitaplary neşir edildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Täze okuw kitaplary neşir edildi

view-icon 528
Täze okuw kitaplary neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurdumyzyň orta mekdepleriniň okuwçylary üçin täze okuw kitaplarynyň nobatdaky tapgyry çap edildi.

12-nji synp okuwçylary üçin «Edebiýat» kitaby G.Sahatowa, O.Durdyýewa, M.Goşaýewa, A.Annamyradowa, A.Begmyradowa we G.Orazgylyjowa tarapyndan taýýarlanyldy.

Täze neşir bilim maksatnamasyna laýyklykda taýýarlanyp, türkmen edebiýatynyň ösüşiniň möhüm tapgyrlaryny öz içine alýar. Kitapda 1960 – 1980-nji ýyllaryň edebiýatyna, dramaturgiýanyň ösüşine, çagalar edebiýatyna, çeper terjimä, edebiýaty öwrenişe, edebi tankyda bagyşlanan bölümler berilýär. Okuw kitaby Garaşsyzlyk döwrüniň edebiýat hereketini, şeýle hem dünýä edebiýatynyň temalaryny öz içine alýar.

Kitapda meşhur türkmen ýazyjylarynyň we şahyrlarynyň, şol sanda Berdinazar Hudaýnazarowyň, Kerim Gurbannepesowyň, Naryman Jumaýewiň, Gurbannazar Ezizowyň hem-de beýleki awtorlaryň döredijiligine aýratyn üns berlipdir.

Okuw kitaby okuwçylaryň edebi dünýägaraýşyny giňeltmäge, seljeriş häsiýetli pikirlenişini ösdürmäge we ynsanperwer bilimiň hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

«Hozýastwenno-bytowoý trud» diýen täze okuw kitaby rus dilinde okadylýan mekdepleriň 5-nji synp okuwçylaryna niýetlenendir. Onuň awtorlary A.Ýegenowa hem-de A.Hojaýewa.

Neşir okuw maksatnamasyna laýyklykda taýýarlanypdyr we okuwçylaryň gündelik durmuşda zerur bolan amaly başarnyklaryny ösdürmäge gönükdirilendir. Kitap başlangyç synplarda alnan bilimleri çuňlaşdyrmagy, şeýle hem olary öý hojalygy we zähmet endikleri bilen bagly bolan anyk işler arkaly berkitmegi göz öňünde tutýar.

Kitap taýýarlananda okuwçylarda zähmete bolan hormatyň kemala getirilmegine, özbaşdaklygyň we jogapkärçiligiň ösdürilmegine aýratyn üns berildi. Kitap nazary bilimleri iş başarnyklary bilen utgaşdyryp bilýän hem-de maşgalada we jemgyýetde ýaşamaga taýýar bolan sazlaşykly ösen şahsyýetiň terbiýelenmegine ýardam eder.

Ýene-de bir täze kitap – «Fransuz dili (ikinji daşary ýurt dili)» 5-nji synp okuwçylara niýetlenendir. Ol awtorlar G.Amanowa, T.Atdaýewa we O.Gazakowa tarapyndan taýýarlanyldy.

Neşir bilim maksatnamasyna laýyklykda taýýarlanyp, daşary ýurt dillerini okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmäge gönükdirilendir.

Kitap «Maşgala», «Gurşap alýan dünýä», «Jemgyýet», «Watan» we «Tebigat» diýen bäş esasy bölümlerden ybaratdyr. Neşirdäki materiallar tekstleri, özara gepleşmeleri, türgenleşmeleri, grammatika degişli düşündirişleri hem-de suratly bezegleri özünde jemleýär.

Kitap okuwçylaryň okamak, ýazmak, ses bermek we fransuz dilinde geplemek başarnyklaryny ösdürmäge, şeýle hem fransuz dilli ýurtlaryň medeniýeti we däp-dessurlary baradaky bilimleri giňeltmäge, medeniýetara düşünjeleriň kemala gelmegine hem-de dil biliminiň hilini ýokarlandyrmaga niýetlenendir.