Ï Mekdep okuwçylary üçin täze okuw kitaplary neşir edildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Mekdep okuwçylary üçin täze okuw kitaplary neşir edildi

view-icon 839
Mekdep okuwçylary üçin täze okuw kitaplary neşir edildi
Mekdep okuwçylary üçin täze okuw kitaplary neşir edildi
Mekdep okuwçylary üçin täze okuw kitaplary neşir edildi
Mekdep okuwçylary üçin täze okuw kitaplary neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurdumyzyň orta mekdepleriniň rus dilinde okadylýan 5-nji synp okuwçylary üçin täze okuw kitaplary çap edildi.

Täzelen «Şekillendiriş sungaty» okuw kitaby W.Amangeldiýew we B.Akyýew tarapyndan taýýarlanyldy.

Bu neşir döwrebap bilim talaplaryna laýyk gelýär we okuwçylaryň çeperçilik pikirlenmesiniň ösmegine, sungata bolan gyzyklanma döretmäge we türkmen halkynyň medeni mirasy bilen tanyşdyrmaga gönükdirilendir.

Okuw kitaby «Öz halkymyň sungaty», «Halkymyzyň amaly-haşam sungaty», «Halkymyzyň şekillendiriş sungaty»,«Dünýä suratkeşleriniň işlerinde adamyň we tebigatyň keşbi» atly dört bölümden ybarat.

Kitapda ýaş nesillere halkyň gymmatly däp-dessurlaryny ýetirmek maksady bilen milli sungatymyza aýratyn üns berildi.

5-nji synplar üçin «Tehniki zähmet» okuw kitaby hem awtorlar B.Geldiýew, E.Sotnikowa we A.Çaryýewa tarapyndan taýýarlanyldy.

Bu okuw kitaby döwrebap bilim maksatnamasyna laýyklykda düzüldi we döwrebap mazmuny, amaly ugrukdyrylyşy we maglumatlaryň elýeterliligi bilen tapawutlanýar.

Okuw kitabyň kömegi bilen okuwçylar palçyk bilen işlemek we dürli önümleri taýýarlamak tehnologiýasy, agajyň we ony ulanmagyň aýratynlyklary, şeýle-de agajy gaýtadan işlenende el gurallaryny ulanmagyň endikleri bilen tanyş bolarlar.

Neşirde amaly işler ýerine ýetirilende tehniki howpsuzlyk düzgünlerine aýratyn üns berildi. Täze okuw kitaby okuwçylarda zähmet ukyplaryny, sungat başarnyklaryny we tehniki pikirlenme ukybyny ösdürmäge gönükdirilendir, bu bolsa olaryň hemmetaraplaýyn ösmegine we hünärini dogry saýlap bilmegine ýardam eder.