Ï «Mähir terbiýesi» atly film Türkiýede geçirilen halkara kinofestiwalda ýörite baýraga mynasyp boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Mähir terbiýesi» atly film Türkiýede geçirilen halkara kinofestiwalda ýörite baýraga mynasyp boldy

view-icon 692
«Mähir terbiýesi» atly film Türkiýede geçirilen halkara kinofestiwalda ýörite baýraga mynasyp boldy

Ýaş nesliň ruhy terbiýesi baradaky temanyň ähmiýeti barada aýratyn durup geçmegiň zerurlygy ýok. Ýakynda Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň döredijilik topary ÝUNISEF-iň goldamagynda uly höwes bilen şu möhüm ahlak we ruhy tema ýüzlendi. Munuň netijesinde bolsa «Mähir terbiýesi» atly gysga göwrümli çeper film döredildi.

Filmde esasy maksat we baş pikir aktýorlyk ussatlygynyň hem-de ekran mümkinçilikleriniň üsti bilen uly nesil bilen çagalaryň, eneler bilen ýetginjekleriň arasyndaky ruhy agzybirligi ösdürmegiň näme derejede möhümdigini görkezmekden ybarat boldy. Çünki ynsanyň geljekki ruhy sütünlerini, onuň edep-ahlak gymmatlyklaryny emele getirýän esasy şertler edil maşgalada kemala gelýär.

Täze filmiň diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem daşary ýurtlarda hem uly gyzyklanma we gyzgyn goldawa eýe bolandygyny bellemek diýseň buýsançlydyr. Ýakynda munuň nobatdaky subutnamasy hökmünde Türkiýeden hoş habar geldi: «Mähir terbiýesi» atly filmi Halkara Turan festiwalynda iň gowy gysga göwrümli filmleriň biri hökmünde «Gyzyl alma» ýörite baýragyna mynasyp boldy. Dünýäniň 90 ýurdundan iki müňe golaý filmiň gatnaşan bäsleşiginde bu baýragyň eýelenilmegi onuň ähmiýetini has-da artdyrýar.

Kino muşdaklarynyň dykgatyna: bu filme tomaşa etmek üçin 423 koduny 0530 gysga belgisine ugradyp, degişli soragy ugradyp bilersiňiz.