Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda ýokary okuw mekdebi tarapyndan 15-nji maýda Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen dünýä ykdysadyýeti dersi boýunça IV açyk halkara internet-olimpiadasynyň jemleri jemlendi.
Bu ýyl olimpiada dünýäniň 12 ýurdundan, şol sanda Türkmenistandan, Russiýadan, Belarusdan, Özbegistandan, Gazagystandan, Ermenistandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Pakistandan, Azerbaýjandan, Türkiýeden we Germaniýadan 39 sany ýokary okuw mekdebiniň 140 sany talybyny bir ýere jemledi.
Bäsleşigiň netijeleri boýunça baýrakly orunlara mynasyp bolanlaryň 66-sy kesgitlenildi, olardan 11-si birinji, 22-si ikinji we 33-si üçünji orunlary eýelediler.
Ýaryşda türkmen talyplary ýokary netijeleri görkezip, baýrakly orunlaryň 21-sine: 2 sany birinji, 9 sany ikinji we 10 sany üçünji orunlara mynasyp boldular.
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby Nursoltan Mämmedowa hem-de Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby Elnara Derbaşowa birinji orunlara mynasyp boldular.
Olimpiadada ikinji we üçünji orunlary eýelän baýrakçylaryň hataryna ady agzalan ýokary okuw mekdepleriniň, şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň, Türkmen oba hojalyk institutynyň, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň hem-de ýurdumyzyň beýleki ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri girdiler.
Bäsleşikde daşary ýurtly talyplar hem tapawutlanyp, olar baýrakly orunlaryň 45-sini eýelediler. Olardan 1-nji orunlaryň 9-syna Russiýanyň, Pakistanyň, Ermenistanyň, Gazagystanyň we Germaniýanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary mynasyp boldular.
Olimpiada däp bolşy ýaly, türkmen, rus we iňlis dillerinde aýratynlykda bäsleşmek görnüşinde geçirildi, onuň dowamynda gatnaşyjylara 120 minudyň dowamynda 10 sany meseläni çözmek hödürlenildi. Eminler toparynyň düzümine Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ylmy-bilim edaralarynyň hem-de ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri girdi.
Her ýyl geçirilýän bu olimpiada zehinli ýaşlary ýüze çykarmak üçin netijeli meýdança bolup durýar hem-de gatnaşyjylar ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň we mugallymlarynyň arasynda bilim hem-de dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga, gymmatly ylmy bilimleri we amaly tejribäni özara bähbitli alyşmak üçin şertleri döretmäge saldamly goşant goşýar.
Guramaçylar halkara ylmy-bilim hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagy, talyplaryň ylmy-barlaglar ulgamyndaky mümkinçiliklerini giňeltmegi hem-de häzirki zamanyň möhüm meseleleri boýunça netijeli dolandyryş çözgütlerini kabul etmäge ukyply ýaş hünärmenleri taýýarlamagy olimpiadanyň esasy maksatlarynyň hatarynda aýratyn belleýärler.