Ï Medeni dialogy pugtalandyrmak bilen: Türkmenistan Gyrgyzystandaky halkara foruma onlaýn ulgam arkaly gatnaşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Medeni dialogy pugtalandyrmak bilen: Türkmenistan Gyrgyzystandaky halkara foruma onlaýn ulgam arkaly gatnaşdy

view-icon 109
Medeni dialogy pugtalandyrmak bilen: Türkmenistan Gyrgyzystandaky halkara foruma onlaýn ulgam arkaly gatnaşdy

26-njy maýda A.Osmonow adyndaky Gyrgyzystan Respublikasynyň Milli kitaphanasynda «OÝMO» atly XX halkara festiwalynyň çäklerinde «Däp bolan medeniýeti gorap saklamak we maddy däl medeni mirasyň esasynda döredijilik industriýalary ösdürmek» atly halkara maslahaty geçirildi.

Çäre Gyrgyzystandan, Gazagystandan, Hindistandan, Türkmenistandan we Beýik Britaniýadan döwlet edaralarynyň, halkara guramalaryň 100-den gowrak wekilini, muzeý müdirlerini, barlagçylary, suratkeşleri, dizaýnerleri, senetçileri hem-de maddy däl medeni miras ugurdaky hünärmenleri bir ýere jemledi.

Gyrgyzystanyň senetçilik hereketiniň ösmegine we medeni mirasynyň gorap saklanmagyna uly goşant goşan, «OÝMO» atly halkara festiwalynyň düýbüni tutujy Dinara Çoçunbaýewanyň hatyrasyna bagyşlanan filmiň görkezilişi dabaranyň maksatnamasynda aýratyn orun aldy.

Maslahatyň çäklerinde göçme mirasa düşündiriş bermekde muzeýleriň tutýan orny, maddy medeniýetdäki milli özboluşlylyk, däp bolan bilimleriň hukuk taýdan goralmagy, şeýle hem dürli ýurtlaryň medeni miras ugrundaky halkara taslamalarynyň tejribesi baradaky hasabatlar hödürlendi.

Ýurdumyzyň adyndan ÝUNESKO-nyň howandarlygyndaky «Dizaýn plýus» milli döredijilik toparynyň ýolbaşçysy Täjigül Gurbanowa onlaýn tertipde hasabat bilen çykyş etdi. Çykyş halk amaly-haşam sungatyna we türkmenleriň medeni mirasyny ýaşlara geçirmek tejribesine bagyşlandy.

Däp bolan medeniýetiň we senetçiligiň «OÝMO» atly XX halkara festiwaly – sebitiň maddy däl medeni mirasyny gorap saklamaga, halk senetçiligini ösdürmäge we halkara medeni hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam edýän iň iri medeni meýdançalarynyň biridir.