Ï Türkmen wekiliýeti «Täjigistan – 2026» atly hünär başarnyklary boýunça halkara foruma gatnaşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen wekiliýeti «Täjigistan – 2026» atly hünär başarnyklary boýunça halkara foruma gatnaşdy

view-icon 99
Türkmen wekiliýeti «Täjigistan – 2026» atly hünär başarnyklary boýunça halkara foruma gatnaşdy

Düzüminde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri hem-de orta hünär tehniki mekdepleriň talyplary bolan türkmen wekiliýeti «Täjigistan – 2026» atly hünär başarnyklary boýunça halkara foruma gatnaşdy. Forum 27 – 30-njy maý aralygynda Täjigistan Respublikasynyň Hatlon oblastynyň Dangarinsk raýonynda geçirildi.

Halkara forum ýaş hünärmenleriň iş başarnyklarynyň mümkinçiligini görkezmek, hünär biliminiň hilini ýokarlandyrmak, zähmet bazarynyň talaplaryna laýyk gelýän işgärleri taýýarlaýyş ulgamyny ösdürmek, şeýle hem sebitleýin we halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak maksady bilen guraldy.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň habar berşi ýaly, forumyň çäklerinde hünär-tehniki biliminiň döwrebap maksatnamalary, hünär başarnyklaryna baha bermegiň halkara tejribesi, bäsdeşlige ukyply ýaş hünärmenleriň taýýarlanylyşy, okuw-önümçilik işiniň kämilleşdirilişi hem-de iş berijiler bilen hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylyşy baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Energetika, gurluşyk, önümçilik, hyzmatlar, ulag we logistika ulgamlarynda, döredijilik we dizaýn ugurlary boýunça ýaşlaryň hünär taýýarlygynyň ösdürilişine aýratyn üns berildi.

Forumyň birinji gününde hünär biliminiň ösdürilişi, ýaşlaryň iş bilen üpjünçiliginiň ýokarlandyrylyşy we iş berijileriň bildirýän talaplaryna laýyk gelýän hünärmenleriň taýýarlanylyşy baradaky meseleler boýunça çykyşlar diňlenildi, şeýle hem oňa gatnaşyjylar tejribe alyşdylar.

Çärä gatnaşyjylaryň Nurek gidroelektrik stansiýasyna baryp görmekleri forumyň maksatnamasynyň möhüm bölegi boldy. Bu sapar ýaş hünärmenlere taýýarlygyň elektrotehnika, energetika, kebşirleýiş işi hem-de tehniki taýdan hyzmat etmek ýaly ugurlarynyň amaly ähmiýetine aýdyň baha bermäge mümkinçilik berdi.

Forumyň ikinji gününde Täjigistanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň, Gazagystanyň, Türkmenistanyň, HHR-iň we Türkiýäniň ýaş hünärmenleriniň gatnaşmaklarynda halkara hünär bäsleşikleri geçirildi. Oňa gatnaşyjylar elektrotehniki işler, suwag etmek, elektrogaz kebşirleýiş, şeýle hem Gün energetikasynyň enjamlaryny sazlap işletmek ýaly ugurlar boýunça özleriniň iş başarnyklaryny görkezdiler. Ýaş hünärmenler 4 – 6 sagadyň dowamynda berlen ýumuşlary işjeňlik bilen ýerine ýetirip, takyklyk, tizlik, tehniki taýdan sowatlylyk, howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmek we ýerine ýetirilen işiň hili boýunça synaglardan geçdiler. Berjaý edilen işleriň netijelerine tehniki ölçegleriň esasynda garaşsyz halkara bilermenler baha berdiler.

Bäsleşigiň meýdançasynda Türkmenistandan ýaş hünärmenler uly üstünlik bilen çykyş etdiler. Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň talyby Nepes Rahmanberdiýew ussatlygynyň ýokary derejesini görkezip, 2-nji orun eýeledi. Ýokary bäsdeşlik şertlerinde Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň Aşgabat energetika orta hünär okuw mekdebiniň talyby Ymamberdi Söhbetow ýaş hünärmenleriň ilkinji iň güýçli dörtlügine girdi.

Bu netijeler talyplaryň diňe öz şahsy üstünligi bolman, eýsem, hünär bilimi ösdürmek, ýaşlarda iş başarnyklary kemala getirmek, önümçilik bilen bilim ulgamynyň arasyndaky gatnaşyklary berkitmek boýunça ýurdumyzda netijeli işleriň alnyp barylýandygynyň subutnamasy boldy. Halkara derejesindäki şeýle üstünlikler türkmen ýaşlarynyň zehinini, zähmetsöýerligini, maksada okgunlylygyny hem-de saýlan hünärlerine bolan söýgüsini aýdyň tassyklaýar.

Türkmenistanyň ýaş hünärmenleriniň halkara bäsleşikdäki üstünlikleri ösüp gelýän nesiller üçin mynasyp nusgadyr hem-de talyplary geljekde hünär boýunça bäsleşiklere toplumlaýyn taýýarlamaga, okuw ussahanalarynyň önümçilik bilen aragatnaşygyny pugtalandyrmaga, iş berijiler bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge, has ukyply ýaş hünärmenleri ýüze çykarmaga we ösdürmäge, halkara ylym-bilim hyzmatdaşlygyny ýokarlandyrmaga hem-de zehinli türkmen ýaşlarynyň dünýä derejesinde gazanýan üstünliklerini artdyrmaga gönükdirilen işlere kuwwatly itergidir.