Paýtagtymyzyň «Arkaç» söwda-dynç alyş merkezinde Ýewropa gününe bagyşlanan «Ýewropa syýahaty» atly medeni we bilim festiwaly geçirildi. Ýewropa ýurtlarynyň däp-dessurlaryny türkmen halkynyň myhmansöýerligi bilen utgaşdyran bu çäre paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň uly gyzyklanmasyna eýe boldy. Çärä gatnaşyjylaryň arasynda ýaşlar aýratyn köpçülik bolup çykyş etdiler.
Baýramçylygyň guramaçylary bolup Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasy, şeýle hem Germaniýanyň, Fransiýanyň, Italiýanyň we Rumyniýanyň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalary çykyş etdiler. Çärä diplomatlar, Türkmenistanda işleýän halkara taslamalarynyň ýolbaşçylary we ÝB maksatnamalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Çäräniň resmi bölegini Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Beata Peksa açdy. Ol çykyşynda baýramyň çuňňur many-mazmunyny belläp geçdi hem-de Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilýändigini nygtady.

Ilçi öz çykyşynda Ýewropanyň köpdürlüligi bilen türkmen amaly-haşam sungatynyň esasy gymmatlyklarynyň biriniň arasynda owadan meňzeşligiň bardygyny belläp:
- Şu günki festiwal Ýewropa we türkmen medeniýetiniň ýakynlaşmagy üçin meýdança bolup hyzmat edýär. Türkmen halysy köp sanly berk sapaklardan dokalyşy ýaly, Ýewropada-da dürli diller, medeni ugurlar we milli däp-dessurlar jemlenendir. “Ýewropa syýahaty” atly bu çäre türkmen we ýewropa halklaryny biri-birine has-da ýakynlaşdyryp, olary türkmen halysynyň çitimlerine meňzeş berk baglar bilen birleşdirer diýip umyt edýärin - diýip, ýewropaly diplomat aýtdy.
Festiwalyň esasy meýdançasy sergi zolagy boldy. Bu ýerde Türkmenistanda durmuşa geçirilýän Ýewropa Bileleşiginiň maksatnamalary we başlangyçlary barada maglumat berýän ekspozisiýalar ýaýbaňlandyryldy.

Myhmanlar ýurdumyzda amala aşyrylýan taslamalar barada göni maglumat alyp, maglumat bukjalaryny, ýadygärlik sowgatlaryny edinip, şeýle hem dürli tematik bäsleşiklerde we interaktiw oýunlarda öz bilimlerini synap gördüler.
Festiwalyň aýratyn bölegi bolan «Ýewropa syýahaty» atly interaktiw kwest «Arkaç» söwda merkeziniň giňişligini şertli ýagdaýda Ýewropa yklymynyň kartasyna öwürdi.

Toplumyň dürli ýerlerinde Ýewropa Bileleşiginiň 27 sany agza döwletiniň hersine bagyşlanan tematik nokatlar ýerleşdirildi. Her bir bekedi belli bir döwletiň özboluşly «künjegini» görkezdi. Gatnaşyjylar indiki tapgyra geçmek üçin şol ýurduň geografiýasy, taryhy ýa-da medeniýeti baradaky soraglara jogap bermeli boldular. Guramaçylar gatnaşyjylara ýörite «pasportlar» berip, her dogry jogap üçin olara «wiza» belgilerini goýdular.

Taslama ýaşlaryň arasynda uly gyzyklanma döretdi we gatnaşyjylara Aşgabatdan çykman, Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlaryna täsirli we gyzykly wirtual syýahat etmäge mümkinçilik berdi.
Günüň dowamynda festiwalyň meýdançasynda ýewropa we türkmen sazlarynyň owazlary sazlaşykly ýaňlandy. Etniki we häzirki zaman äheňleri özboluşly, mähirli ýagdaýy döretdi. Bu bolsa sungatyň we dostlugyň diliniň terjime talap etmeýändiginiň iň gowy subutnamasyna öwrüldi.
