J.Pol Getti muzeýiniň (Los-Anjeles, ABŞ) wekilleri nobatdaky resmi sapar bilen Türkmenistana geldiler. Bu saparyň maksady Gadymy Merwden tapylan V asyra degişli Buddanyň heýkeliniň kelle böleginiň parçalaryny gorap saklamak we dikeltmek boýunça taslamany dowam etdirmekden ybaratdyr.
Dikeldiş işleri eýýäm birnäçe ýylyň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň binýadynda alnyp barylýar. Taslama ABŞ-nyň «Medeni mirasy gorap saklamak baradaky ilçiniň gaznasy» (AFCP) maksatnamasynyň çäklerinde amala aşyrylýar hem-de Ýüpek ýolunyň taryhyny öwrenmekde we dünýäniň medeni mirasyny gorap saklamakda ägirt uly ähmiýete eýedir.
Hünärmen toparynyň düzümine öňdebaryjy halkara hünärmenler: Getti muzeýiniň gadymy taryhy gymmatlyklary gorap saklamak bölüminiň baş konserwatory we bölüm müdiri, professor Suzan Ganziki, konserwator Fabio Kolombo hem-de medeni miras üçin 3D gözleg usullary we tehnologiýalary boýunça professor Juzeppe Salemi girýärler. Häzirki tapgyryň dowamynda amerikan alymlary ýokary tehnologiýaly usuly ulandylar. Olar ýörite 3D-printeriň kömegi bilen Buddanyň heýkeliniň kelle böleginiň doly ölçegdäki takyk modelini döretdiler, bu bolsa gadymy artefakty berkitmäge we onuň ýetmeýän böleklerini deň hasap etmäge ýardam berer.

ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojersiň Türkmenistana guran resmi saparynyň çäklerinde ýokary derejeli wekiliýet Döwlet muzeýiniň dikeldiş işleri geçirilýän barlaghanasyna baryp gördi. Wekiliýetiň düzüminde Sara Rojersiň ýörite kömekçisi Wanessa Widal Kastellanos, ýörite geňeşçi Jozef Gunnar Sidak, şeýle hem ABŞ-nyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Elizabet Rud bar.
Professor Suzan Ganziki myhmanlary örän çylşyrymly dikeldiş işleriniň barşy bilen jikme-jik tanyşdyryp, döredilen sanly nusgany we ylmy-barlag materiallaryny görkezdi. Duşuşygyň dowamynda bu artefaktyň aýratyn taryhy ähmiýeti barada nygtaldy.
1960-njy ýylda Gadymy Merwden tapylan we V asyra degişli edilýän heýkeliň bölegi stupanyň – mundan bir ýarym müň ýyldan gowrak wagt ozal Beýik Ýüpek ýolunyň iň möhüm duralgasy bolan şäherde gurlan buddizm binagärlik-heýkeltaraşlyk desgasynyň bir bölegidir.
Barlagçylaryň çaklamasyna görä, stupa weýran edilenden soň, buddizm monahlary heýkeliniň kellesini bütinleý ýok bolmakdan halas etmek maksady bilen, ony aýawlylyk bilen ýere gömüpdirler.
Professor Suzan Ganziki tutuş halkara toparyň adyndan Türkmenistanyň we ABŞ-nyň ýolbaşçylaryna bu möhüm ylmy wezipäni hemmetaraplaýyn goldaw bermek üçin çuňňur hoşallyk bildirdi, şeýle hem Döwlet departamentiniň ýolbaşçylaryna olaryň alyp barýan işlerine bildiren şahsy gyzyklanmasy üçin sagbolsun aýtdy.
Amerikan dikeldijileriniň häzirki sapary 20-nji iýuna çenli dowam eder. Iki ýurduň alymlarynyň bilelikdäki işi diňe bir bahasyna ýetip bolmaýan arheologik ýadygärligi täzeden janlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky şowly we uzak möhletleýin medeni-ynsanperwer gepleşikleriň aýdyň nusgasy bolup hyzmat edýär.