Ï Türkmenistanda iýul aýynda geçiriljek iri medeni çäreleriň maksatnamasy tassyklanyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda iýul aýynda geçiriljek iri medeni çäreleriň maksatnamasy tassyklanyldy

view-icon 139
Türkmenistanda iýul aýynda geçiriljek iri medeni çäreleriň maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde şu ýylyň iýul aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän esasy medeni çäreleriň maksatnamasyna garaldy.

Bu mesele boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, öňde boljak ähli çäreler ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp, 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygary astynda geçiriler.

Aýyň dowamynda milli amaly-haşam sungatyny, halk senetçiligini we keşdeçilik däplerini gorap saklamaga hem-de ösdürmäge gönükdirilen «Milli mirasymyz dowamat dowam» atly medeni çäreler geçiriler. Şeýle hem ýurdumyzyň raýatlary we myhmanlary üçin «Taryhy ýadygärlikleriň ata-babalarymyzdan miras galan gymmatlyklary öwrenmekdäki ähmiýeti» atly tanyşdyryş gezelençleri guralar. Mundan başga-da, tanymal arheologlaryň gatnaşmagynda tematik maslahatlar we duşuşyklar geçiriler.

Şol bir wagtyň özünde Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, şeýle hem Ahal, Balkan we Daşoguz welaýatlarynda höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň «Ýaňlan, Diýarym!» atly meşhur telebäsleşiginiň jemleýji tapgyrlary geçiriler. Şeýle-de «Gülüň owadan!» atly el işlerine ussat zenanlaryň döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry hem-de sergisi guralar.

Hasabaty diňläp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda giň gerimli dabaralaryň ýokary derejede geçirilmeginiň aýratyn ähmiýete eýedigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz meýilleşdirilen ähli çäreleriň guramaçylyk we mazmun taýdan ýokary derejede geçirilmegini üpjün etmek boýunça wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.