Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynda iki ýurduň arasyndaky ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ösüşinde täze sahypany açan möhüm çäre geçirildi. Dabaraly ýagdaýda «Hytaý ilçisiniň talyp haky» baýragyny gowşurmak dabarasy boldy. Hytaý dilini, medeniýetini we hytaý halkynyň däp-dessurlaryny çuňňur öwrenmekde uly üstünlik gazanan 10 sany türkmen talyby we 10 sany mekdep okuwçysy abraýly baýraga mynasyp boldy.
Çärä gatnaşyjylaryň, ýygnanyşan diplomatlaryň, bilim ulgamynyň wekilleriniň, şeýle hem Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleriniň öňünde Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Szi Şumin gutlag sözi bilen çykyş etdi. Diplomatik wekilhananyň ýolbaşçysy öz çykyşynda türkmen ýaşlarynyň yhlasyna ýokary baha berip, bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň strategik ähmiýetini aýratyn belledi.
Ilki bilen, gazanan üstünlikleri bilen ähli baýrak eýelerini tüýs ýürekden gutlaýaryn. Biziň öňümizde hytaý dilini köp ýyllaryň dowamynda yhlas bilen öwrenýän örän zehinli talyplar we okuwçylar dur. Olaryň Hytaýa, onuň diline we medeniýetine bolan gyzyklanmasy bizi örän begendirýär. Häzirki wagtda Hytaý bilen Türkmenistanyň arasyndaky bilim hyzmatdaşlygy örän üstünlikli ösdürilýär – diýip, ilçi aýtdy.
Diplomat häzirki wagtda hem Hytaýda hem-de Türkmenistanda iki ýurduň medeni mirasyna bolan özara gyzyklanmanyň yzygiderli artýandygyny belledi.
Bu ýagdaý döwletara gatnaşyklaryň ähli möhüm ugurlar boýunça depginli, hemmetaraplaýyn we sazlaşykly ösdürilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Häzirki wagtda akademiki hyzmatdaşlyk örän giň gerime eýe boldy. Hytaý Halk Respublikasynyň dürli uniwersitetlerinde we ýokary okuw mekdeplerinde Türkmenistanyň on müňden gowrak raýaty bilim alýar. Şol bir wagtyň özünde, Türkmenistanda bilim alýan hytaýly talyplaryň sany hem yzygiderli artýar. Şeýle akademiki alyş-çalyş özara ynanyşmagy has-da pugtalandyrýar we amaly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri açýar – diýip, Szi Şumin nygtady.
Ilçi şeýle ýakynlaşmanyň binýadynyň iň ýokary döwlet derejesinde emele gelen ynamly gatnaşyklardygyny belledi. Bu ugurda möhüm ädim hökmünde şu ýylyň mart aýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaýa amala aşyran dostlukly sapary görkezildi. Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen geçirilen gepleşikleriň dowamynda hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmak hem-de uzak möhletleýin ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça möhüm ylalaşyklar gazanyldy.
Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçi Szi Şumin Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine we Bilim ministrligine bilelikdäki bilim taslamalaryna yzygiderli goldaw berýändikleri üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Şeýle hem ol mugallymlaryň asylly zähmetine ýokary baha berip, olara aýratyn hoşallyk bildirdi.
Szi Şumin «Hytaý dilini öwreniň, dünýäniň ähli ýerinden dostlaryňyzy taparsyňyz» diýen meşhur hytaý nakylyny ýatlap, ýaş baýrak eýelerine berk jan saglyk, bagt, okuwlarynda we durmuş ýolunda uly üstünlikleri arzuw etdi. Şeýle hem ol ýaş nesliň iki doganlyk döwleti baglanyşdyrýan dostluk köprülerini mundan beýläk-de pugtalandyrjakdygyna ynam bildirdi.