Türkmen hünärmenleri 25-nji iýuldan 16-njy awgust aralygynda Germaniýanyň Klaustal tehnologiýa uniwersitetinde geçirilýän halkara ylmy-barlag tejribelik okuwyna gatnaşýarlar.
Türkmen wekiliýetiniň düzümine Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň hem-de «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň wekilleri girýär.
Tejribelik okuw Ýewropa Bileleşiginiň we Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň (GIZ) «Ýewropa Bileleşigi Türkmenistanyň ýaşyl ösüşi üçin: 2024 – 2029-njy ýyllar üçin syýasy dialog we howanyň üýtgemegi boýunça hereketler» atly taslamasynyň çäklerinde geçirilýär.
Okuw maksatnamasy türkmen hünärmenleriniň öňdebaryjy ylmy-tehnologik gazanylanlary öwrenmegine, innowasion sanly çemeleşmeleri özleşdirmegine hem-de halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegine gönükdirilendir.
Maksatnamanyň çäklerinde gatnaşyjylar täzelenýän energiýa çeşmeleriniň netijeliligini ýokarlandyrmagyň häzirki zaman tehnologiýalaryny, metan zyňyndylaryny azaltmagyň usullaryny hem-de senagatda emeli aňy ulanmagyň mümkinçiliklerini öwrenýärler. Şeýle hem olar nemes alymlary bilen bilelikde emeli aňy ornaşdyrmak, maşyn arkaly öwreniş, neýron torlary we maglumatlary kadalaşdyrmagyň usullary boýunça amaly sapaklara gatnaşýarlar.
Germaniýanyň tehnologiýa uniwersitetiniň barlaghanalarynda tejribelige gatnaşyjylar guýularyň bitewüligini gözegçilikde saklamak, gyýa ugrukdyrylan guýulary burawlamak hem-de emeli aň algoritmleriniň kömegi bilen fotoelektrik desgalarynyň işini çaklamak ugurlarynda ylmy-barlag işlerini alyp barýarlar.
Tejribelik okuwynyň jemleýji tapgyrynda türkmen wekiliýeti Germaniýadaky kükürt saklaýan gazy gaýtadan işleýän zawoda, şeýle hem täzelenýän energiýa çeşmeleriniň esasynda işleýän ýerli elektrik stansiýalaryna baryp görer.