Ï "Howandar" sahna oýny: gudrat hakykata öwrülende
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

"Howandar" sahna oýny: gudrat hakykata öwrülende

view-icon 95
"Howandar" sahna oýny: gudrat hakykata öwrülende
"Howandar" sahna oýny: gudrat hakykata öwrülende
"Howandar" sahna oýny: gudrat hakykata öwrülende
"Howandar" sahna oýny: gudrat hakykata öwrülende
"Howandar" sahna oýny: gudrat hakykata öwrülende
"Howandar" sahna oýny: gudrat hakykata öwrülende
"Howandar" sahna oýny: gudrat hakykata öwrülende
"Howandar" sahna oýny: gudrat hakykata öwrülende
camera-icon
Ýusup Türşekow

Ýurdumyzyň teatrlarynyň arasynda her ýyl geçirilýän teatr festiwalynyň çäginde Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynda "Howandar" atly sahna oýnunyň ilkinji görkezilişi boldy.

Döredijilik forumyna gatnaşýanlar Gadam Kakabaýewiň edebi esasyny ýazan bu sahna oýnunyň esasynda ýatan pajygaly wakalaryň jümmüşine çuňňur aralaşdylar. Sahna oýnunda çaganyň agyr keseli – leýkoz sebäpli bagtly durmuşy pagyş-para bolan bagtyýar ýaş maşgala barada gürrüň berilýär. Ölümiň hökümi bolup ýaňlanan elhenç kesel öýüň hörpüni düýbünden üýtgedýär. Är-aýalyň arasynda dawa, özara aýyplamalar we nägilelikler başlanýar. Ölüm howply bu keseliň öňündäki ejizlik ata-enäni çuňňur umytsyzlyga atýar.

Näsag oglana kömege iň täze tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan täze Onkologiýa merkeziniň tejribeli lukmanlary gelýärler. Emma gerekli donoryň ýoklugy sebäpli, ýagdaý çylşyrymlaşýar, çünki bejergi donor kök öýjüklerini ulanmak bilen amala aşyrylmaly birnäçe operasiýany öz içine alýar. Ilkinji bejergi üçin olar kök öýjüklerini hassanyň uýasyndan alýarlar, ýöne lukmanlar gyzyň ikilenç donorlyk etmek üçin gaty ejizdigini bada duýdurýarlar. Maşgala ýene-de umytsyzlyk laýyna batýar – bu işe ne ata laýyk gelýärdi, ne-de ene. Wagt näsag oglanyň zyýanyna işleýärdi.

Lukmanlaryň maslahaty bilen, ata-ene Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna ýüz tutýarlar. Şu ýerde-de hakyky gudrat ýüze çykýar: gaznanyň halkara gatnaşyklary saýasynda gerekli donor serişdesi tapylýar. Türkmenistanly hünärmenler operasiýany ajaýyp ýerine ýetirýärler, netijede oglanjyk diri galýar.

Diňe oglan we onuň ene-atasy däl, eýsem ähli tomaşaçylar-da bir maşgalany umytsyz diýen ýaly ýagdaýdan halas eden lukmanlara gözlerine ýaş aýlap, hoşallyk bilen seretdiler. Elbetde, hemmeler düşündi: Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň goldawy bolmadyk bolsady, bu gudrat-da bolmazdy.

"Men sahna oýnunyň baş gahrymanlaryna bilgeşleýin at bermedim" diýip, dramaturg Gadam Kakabaýew söhbetdeşlikde aýtdy. "Ähli keşpler atsyzam belli: eje, kaka, ogul, gyz. Şeýtmek bilen, men hiç şunuň ýaly ýagdaýyň her bir maşgalanyň başyna gelip biljekdigini nygtamak isledim."

Teatryň döredijilik topary režissýor, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Eziz Işangulyýewiň ýolbaşçylygynda oýny sahnalaşdyrmaga örän döredijilikli çemeleşipdir. Synag hökmünde kölege teatry üstünlikli ulanylýar. Gahrymanlaryň ak lybaslary aýratyn ünsi çekýär: bu reňk tomaşaçylary ilkinji sahnadan başlap lukmançylyk mowzugyna alyp gidýär. Onkologiýa merkezindäki lukman otagynyň bezeginde hem özboluşly çemeleşme aýdyň görünýär – sahna dizaýnynda diagrammalaryň we lukmançylyk kartalarynyň wideoýazgylary ulanylýar.

Tejribeli sahna ussatlary Şemşat Kasymowa (eje) we Kakamyrat Bazarow (kaka) bilen birlikde, çagalar – Kakamyrat Sapyýew (ogul) we Züleýha Sapyýewa (gyz) – sahna oýnuna işjeň gatnaşdylar. Ýaşlaryň özbaşdaklygy sahnada adaty maşgalanyň janly keşbini döretmäge ýardam edipdir.

Tomaşaçylar sahna ussatlaryna we režissýora ajaýyp döredijilik işleri üçin hoşallyk bildirdiler.