Ï Zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

view-icon 113

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli geçirilen «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginde özleriniň zehinini görkezip, tapawutlanan aýdymçy çagalary sylaglamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, şu aýdymçy çagalar bäsleşigiň ýeňijileri diýlip yglan edildi we noutbuk kompýuterleri bilen sylaglanyldy hem-de olara degişli diplomlar gowşuryldy:

Aşgabat şäherindäki 99-njy orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Nurgözel Berdiýewa;

Arkadag şäherindäki iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Allanazar Annageldiýew;

Ahal welaýatynyň Kaka etrabyndaky 10-njy orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Leýla Çaryýewa;

Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabyndaky 26-njy orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy Sary Amanow;

Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabyndaky 17-nji orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy Hudaýberdi Hojaberdiýew;

Lebap welaýatynyň Dänew etrabyndaky 2-nji orta mekdebiň 5-nji synp okuwçysy Aýna Döwletýarowa;

Mary welaýatynyň Oguzhan etrabyndaky 11-nji orta mekdebiň 5-nji synp okuwçysy Baýramdurdy Çaryýew.

Şeýle hem “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşan çagalara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.