Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramyna guwandyryjy zähmet sowgatlary bilen barýan öňdebaryjy hojalyklaryň biri-de Balkan welaýatynyň Bereket etrabyndaky «Nurly meýdan» daýhan hojalygynyň guşçulyk toplumydyr. Bu ýerde ýedi hazynanyň biri hasaplanýan guşçulyk pudagyny ösdürmekde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ruhuna mynasyp asylly işler durmuşa geçirilýär.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň işjeň agzasy bolan daýhan hojalygynyň önümçiligi döwrebap tehnologiýalar esasynda kämil derejede dolandyrylýar. Daýhan hojalygynyň 50 gektar meýdany tutýan önümçilik desgalarynda her ýylda 16 million ýumurtga öndürmäge niýetlenen hojalyk, ýyllyk kuwwaty 8 müň tonna towuk etini öndürýän bölüm, 14 million jüýje çykarýan inkubatorly, şeýle-de 50 million azyklyk ýumurtga, 18 million tohumlyk ýumurtga öndürýän guşçulyk toplumy hereket edýär. Olarda towuklary talabalaýyk idetmek, köpeltmek hem-de önüm öndürmek üçin ýokary hil talaplaryna doly laýyk gelýän ygtybarly şertlerdir mümkinçilikler bar. Döredilen gününden bäri geçen 13 ýylyň içinde «Nurly meýdan» daýhan hojalygy içerki, daşarky bazarlarda bäsleşige ukyply, ekologiýa taýdan arassa önümleri öndürmekde sarp edijileriň arasynda giň meşhurlyga eýe boldy.
Döwrebap toplumda ýaşajyk jüýjelerden bary-ýogy 40 – 45 günüň dowamynda her biriniň agramy birnäçe kilogramdan geçýän broýler tohumly towuklar kemala gelýär. Olar kada laýyk agramlaryna ýetenden soň, toplumyň iýmitlik et taýýarlanýan bölümine geçirilýär. Işleriň köpüsi awtomatlaşdyrylan usulda ýerine ýetirilýär. Şeýlelikde, ýaraşykly, göze gelüwli gaplara gaplanyp, taýýar önümler alyjylara ugradylýar.
Guş toplumyndaky ene towuklara bereketliligi, ýokumlylygy babatda tapawutlanýan kombinirlenen iýmler berilýär. Bu bolsa olaryň önüm berijiligine, onuň hiline we netijeliligine täsirini ýetirýär. Guşlaryň ösüşi üçin peýdaly, ýaramly bolan ýöriteleşdirilen iýmleriň hemmesi daýhan hojalygynyň öz zawodynda öndürilýär. Zawodyň ýyllyk kuwwaty-da 72 müň tonna iým öndürmäge niýetlenendir. Şeýle-de öňdebaryjy daýhan hojalygynda guşçulyk pudagyny ählitaraplaýyn ösdürmekde uly mümkinçilikleriň jemlenendigi has-da guwançlydyr. Munuň özi, öndürilýän önümleriň özlerine düşýän gymmatyny aşaklatmaga, ahyrky netijede içerki sarp ediş bazarlarynda elýeterli bahalardan bolçulygy döretmäge mümkinçilik berýär.
Guş toplumynyň önümçilik kuwwaty-da soňky döwürde yzygiderli ýokarlanýar. Munuň şeýledigine Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Lebap, Balkan welaýat Alyjylar jemgyýetleri birleşikleriniň Türkmenabat we Balkanabat şäherleriniň golaýyndaky guş toplumlarynyň önümçilik binalarynyň kärendesine alynmagy hem aýdyň mysaldyr. Häzirki wagtda täze önümçiliklerde işler maksadalaýyk guralyp, önümleri öndürmekde ýokary görkezijiler gazanylýar. Bölümlerde arassaçylyk düzgünleri, zooweterinariýanyň talaplary-da gyşarnyksyz berjaý edilýär.
Öňdebaryjy hojalyk mundan ýedi ýyla golaý wagt ozal hem Diýarymyzda ilkinji bolup, inkubasiýa boýunça taslamany durmuşa ornaşdyrdy. Soňky wagtlarda topluma Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň dünýä belli «Hy-Line» guşçulyk kompaniýasyndan satyn alnan birnäçe görnüşli ýumurtga ugurly enelik jüýjeler bolsa eýýäm ýerli toprak-howa şertlerine doly uýgunlaşdyryldy. Bu ugurdaky işleriň ýurdumyzda ilkinji bolup, ýene-de «Nurly meýdan» daýhan hojalygynyň guşçulyk toplumynda başlanandygy hem aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.
– Eziz Diýarymyzyň sebitlerinde guşçulyk bilen meşgullanýan hususyýetçiler, isleg bildirýän ähli taraplar guşçulyk toplumymyzdan indi birnäçe ýyl bäri et ugurly we ýumurtga ugurly tohumlyk ýumurtgalary, et ugurly we ýumurtga ugurly tiz ýetişýän bir günlük ýaş jüýjeleri, towuklary satyn alýarlar. Biz olara deslapdan ugrukdyryş maslahatlaryny berýäris. Bu babatda sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanýarys.
Şu ýylyň 23 – 27-nji apreli aralygynda bolsa Türkiýäniň Antalýa şäherinde dünýäniň iň iri guşçulyk we ýumurtga öndürmek boýunça genetika kompaniýalarynyň biri bolan «Hy-Line» kongresiniň halkara pudaklaýyn maslahaty geçirildi. Oňa Ýewropa, Ýakyn Gündogar, Demirgazyk Afrika we Aziýa sebitlerinden 45-den gowrak ýurtdan 240 töweregi wekiller gatnaşdylar. Meşhur kompaniýanyň döredilmeginiň 90 ýyllyk ýubileýine bagyşlanan bu maslahata ýurdumyzdan maňa hem gatnaşmak bagty miýesser etdi. Onda toplumlaýyn derwaýys meseleler bilen birlikde genetiki ösüşler, guşlaryň saglygy, idegi we iýmitlenişi, keselleriň öňüni almak, biohowpsuzlyk çäreleri, iými tygşytly ulanmagyň usullary hakynda ýörite durlup geçildi. Şeýle-de guşlary saklamagyň aýratynlyklary, sürüleri dolandyrmak boýunça sanly çözgütleri özünde jemleýän innowasion tehnologiýalar hem-de dünýä bazaryna ýokary hilli önüm ýetirmek babatda ygtybarly tejribeler, özboluşly, düýpli pikirler alşyldy. Şunuň özem halkara derejesindäki pudaklaýyn maslahatda garalan möhüm meseleleriň ýerine düşendigine, olaryň ähmiýetiniň has-da ýokary bolandygyna şaýatlyk edýän bolsa gerek.
Biz önümleri öndürijilere pudaklaýyn maslahatlara gatnaşmaga döredilýän mümkinçilikler, şol sanda döwlet möçberinde telekeçiligi ösdürmäge yzygiderli berilýän hemaýat-goldawlar üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyşlarymyzy aýdýarys. Şeýle-de janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, ägirt uly işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris. Goý, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe toýlarymyz toýlara, baýramlarymyz baýramlara ulaşsyn! – diýip, Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň «Nurly meýdan» daýhan hojalygynyň guşçulyk toplumynyň ýolbaşçysy Amanmyrat Tuwakow biziň bilen gürrüňdeş bolanda aýtdy.