Ï «CIPCC-2026»: tejribe, bilim we tehnologiýa
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«CIPCC-2026»: tejribe, bilim we tehnologiýa

view-icon 15

Dünýäniň iň köp taraply ösýän we baý taryhly ýurtlarynyň biri bolan Hytaý Halk Respublikasynda geçirilýän ýurduň «Halkara maglumat merkezi» taslamasynyň çäklerinde žurnalistler üçin «China International Press Communication Center («CIPCC») 2026» halkara okuw maksatnamasy dürli ýurtlardan gelen žurnalistler, şol sanda türkmen žurnalisti üçin hakyky tejribe mekdebine öwrüldi. Şu ýylyň sentýabr – dekabr aýlary aralygynda geçirilýän bu okuw sapary diňe bir nazary bilimi baýlaşdyrman, eýsem, halkara žurnalistikanyň döwrebap meýillerine göz ýetirmäge mümkinçilik berer.

Okuw meýilnamasy ilkinji günlerden başlap örän mazmunly we baý boldy. Sentýabryň 7-sinde Hytaýyň Jemgyýetçilik ylymlary akademiýasynyň ylmy işgäri Li Ýunhueýiň «Hytaýyň milli şertleri we žurnalistleriň hünär taýýarlygy: Hytaýyň degişli sebitler bilen gatnaşyklary, syýasaty we amaly hyzmatdaşlygy» temasyndan geçen okuw sapagy gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.

Sentýabryň 8-inde bolsa maksatnamanyň açylyş dabarasy geçirildi. Dabara gatnaşyjylar öz milli egin-eşikleri bilen halkara dostlugyň ajaýyp pursadyny döretdiler. Şol gün we sentýabryň 10-ynda žurnalistler üçin gündelik durmuşda we ýol-ulag ulgamynda ulanylýan amaly hytaý dili sapaklary guraldy.

Döwrebap žurnalistikanyň iň möhüm ugurlarynyň biri bolan emeli aň meselelerine bagyşlanan okuw sapagy sentýabr aýynyň 9-ynda Hytaýyň merkezi teleýaýlymy «CGTN»-niň ýolbaşçysy Çžao Piniň gatnaşmagynda geçirilip, onda halkara kommunikasiýada täze tehnologiýalaryň orny giňden seljerildi.

Şeýle hem maksatnamanyň çäklerinde Hyzmatlar söwdasy boýunça halkara Pekin sergisiniň («CIFTIS») 11-nji «Röwşen dünýä» medeni sergisiniň binýadynda «Tebigatyň açary» temasy boýunça «Gündogar bilen Günbataryň äheňi: Pekiniň özüneçekijiligi» atly halkara çäresi guraldy.