Ï Ýerewanda durnukly ulgamy ösdürmek boýunça halkara maslahat geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýerewanda durnukly ulgamy ösdürmek boýunça halkara maslahat geçirildi

view-icon 164

2026-njy ýylyň 14-15-nji sentýabry aralygynda Ýerewanda Ermenistan Respublikasynyň Daşary işler we halkara söwda ministrligi hem-de BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany sebiti boýunça Ykdysady we durmuş komissiýasy (ESKATO) bilen hyzmatdaşlykda «Sebitara we sebitiçi aragatnaşygy berkitmek üçin durnukly ulag geçelgelerini ösdürmäge ýardam bermek» temasy boýunça mümkinçilikleri ýokarlandyrmak barada iki günlük okuw maslahaty geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.  

Okuw maslahatynyň dowamynda durnukly ulag geçelgelerini ösdürmegiň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Gatnaşyjylar özara tejribe alyşdylar, ulag geçelgelerini ösdürmekde ýüze çykýan umumy meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar we olaryň netijeliligini, durnuklylygyny hem-de ekologiýa taýdan arassalygyny ýokarlandyrmagyň amaly çemeleşmelerine garadylar.

Okuw maslahatyna agza döwletleriň hökümetleriniň wekilleri, şeýle hem ulag operatorlary, hususy pudagyň, ylmy jemgyýetçiligiň, halkara guramalaryň, ösüş boýunça hyzmatdaşlaryň we beýleki gyzyklanma bildirýän taraplaryň wekilleri gatnaşdylar.