2026-njy ýylyň 15-nji sentýabrynda Türkmen-koreý işewürlik maslahatynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Koreýa Respublikasynyň Ählumumy innowasion barlaglar institutynyň direktory Kim Jin Pýonyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-koreý hyzmatdaşlygynyň geljegi uly ugurlaryny, şol sanda innowasiýalar, häzirki zaman tehnologiýalary we işewürlik gatnaşyklaryny ösdürmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Iki ýurduň işewür we bilermenler toparlarynyň wekilleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak meselelerine aýratyn üns berildi.
Kim Jin Pýo 2022–2024-nji ýyllarda Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy bolup işledi.