Ï Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

view-icon 649

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

RF-niň Prezidenti döwlet Baştutanymyzy doglan güni bilen gutlap, tüýs ýürekden berk jan saglyk, abadançylyk, jogapkärli döwlet işinde mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw etdi. Şeýle hem Prezident Wladimir Putin döwletara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň goşýan uly goşandyny belledi hem-de Gahryman Arkadagymyza mähirli salamyny beýan etdi.

Döwlet Baştutanymyz mähirli gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, Prezident Wladimir Putiniň hoşniýetli arzuwlaryny hormatyň we dostlugyň nyşany hökmünde kabul edýändigini aýtdy hem-de pursatdan peýdalanyp, dostlukly ýurduň döwlet Baştutanyny Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasyna saýlawlaryň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady. Hormatly Prezidentimiz ses berişligiň ýokary guramaçylyk derejesini belläp, Russiýanyň parlamentiniň täze düzümine ýurduň we onuň raýatlarynyň bähbidine netijeli zähmet çekmegi arzuw etdi hem-de Türkmenistanyň we Russiýanyň parlamentleriniň arasyndaky özara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda nygtalyşy ýaly, Türkmenistan Russiýa Federasiýasy bilen özara ynanyşmak, hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan dostlukly, özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky däp bolan dostlukly hem-de ynanyşykly gatnaşyklary pugtalandyrmaga goşýan şahsy goşandy üçin Prezident Wladimir Putine minnetdarlygyny beýan etdi we iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň halklarymyzyň bähbidine ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga ýardam etjekdigini belledi.

Russiýa Federasiýasy bilen strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Häzirki wagtda ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem BMG-niň, GDA-nyň, ŞHG-niň we beýleki halkara, sebit guramalarynyň çäklerinde üstünlikli ösdürilýär. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň şu ýyl GDA-da başlyklyk edýändigini, şu ýylyň 9-njy oktýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň, şeýle hem Hazar ekologiýa sammitiniň geçirilmeginiň göz öňünde tutulýandygyny aýdyp, bu çärelere RF-niň Prezidentiniň gatnaşmagynyň ýokary derejeli forumlara aýratyn ähmiýet berjekdigini nygtady.

Prezident Wladimir Putin Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde geçiriljek GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine, şeýle-de Hazar ekologiýa sammitine gatnaşjakdygyny ýene-de bir gezek tassyklady.

Döwlet Baştutanymyz ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň gün tertibinde söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň aýratyn orun eýeleýändigini belläp, Türkmenistanyň Russiýa bilen gyzyklanma bildirilýän ähli ulgamlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny tassyklady. Parlamentara gatnaşyklar we Russiýa Federasiýasynyň subýektleri bilen özara hyzmatdaşlyk işjeň durmuşa geçirilýär. Munuň özi türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň möhüm bölegi bolup durýar. Şeýle hem bilim, ylym, saglygy goraýyş, medeniýet ýaly ulgamlary öz içine alýan ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz bu ulgamlarda özara hyzmatdaşlygy giňeltmegiň iki ýurduň halklarynyň arasynda ýakyn gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin binýat bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirdi. Şeýle-de Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasy bilen uzak möhletleýin esasda köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmegi maksat edinýändigi bellenildi.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin birek-birege berk jan saglyk, abadançylyk, jogapkärli döwlet işlerinde täze üstünlikleri, Türkmenistanyň we Russiýanyň dostlukly halklaryna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk arzuw etdiler.