Ï Hormatly Prezidentimiziň adyna doglan güni mynasybetli gutlag hatlar gelip gowuşýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hormatly Prezidentimiziň adyna doglan güni mynasybetli gutlag hatlar gelip gowuşýar

view-icon 612
Hormatly Prezidentimiziň adyna doglan güni mynasybetli gutlag hatlar gelip gowuşýar

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Sizi doglan günüňiz bilen tüýs ýürekden gutlamaga hem-de iň gowy arzuwlarymy ibermäge örän şatdyryn. Biz Sizi belent hormat-sarpa eýe bolan doganlyk türkmen halkynyň ajaýyp ogly, ýurduň durmuş-ykdysady ösüşine ägirt uly goşant goşýan döwlet işgäri hökmünde tanaýarys. Türkmenistanyň öňe sürýän sebit we ählumumy ähmiýetli başlangyçlarynyň dünýä bileleşigi tarapyndan işjeň goldanylmagy munuň aýdyň mysalydyr.

Özbegistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky giň gerimli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek we giňeltmek baradaky maksatlarymyzyň doly durmuşa geçiriljekdigi şübhesizdir. Ýokary derejedäki dialogymyzyň işjeňleşdirilmegi hem-de bilelikdäki tagallalarymyz netijesinde iki ýurduň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de yzygiderli berkidiljekdigine ynanýaryn.

Pursatdan peýdalanyp, durmuşyňyzdaky bu şatlykly günde Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, jogapkärli döwlet işiňizde täze üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, durnukly ösüş hem-de rowaçlyk arzuw edýärin.

Tüýs ýürekden hormatlamak bilen,

Şawkat MIRZIÝOÝEW,
Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti.

 ***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Sizi doglan günüňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Türkmenistanyň gazanýan ägirt uly syýasy we ykdysady üstünliklerine hem-de ýurduň halkara giňişlikde mynasyp orun eýelemeginde Siziň goşandyňyz örän uludyr.

Ýurtlarymyzyň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň we hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de berkidiljekdigine ynanýaryn.

Siziň Alyhezretiňiz, Size berk jan saglyk, abadançylyk, döwlet işiňizde üstünlikleri, Türkmenistanyň halkyna bolsa parahatçylyk we rowaçlyk arzuw edýärin!

Hormatlamak bilen,

Sadyr ŽAPAROW,
Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti.

 ***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Doglan günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin. Siz maksada okgunlylygyňyz hem-de Türkmenistanyň milli bähbitlerine berk ygrarlylygyňyz bilen belent abraýa eýe bolduňyz. Siziň baştutanlygyňyzda Türkmenistan ykdysadyýetde we durmuş ulgamynda uly üstünlikleri gazanýar, döredijilikli ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýar. Hemişelik Bitaraplyk syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, dünýä giňişligindäki abraýyny has-da beýgeldýär.

Däp bolan dostlukly rus-türkmen gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de berkidiljekdigine, parlament dialogynyň bolsa ýurtlarymyzyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagyna ýardam etjekdigine ynanýaryn.

Size tüýs ýürekden berk jan saglyk hem-de Türkmenistanyň abadançylygynyň bähbidine täze üstünlikleri arzuw edýärin. Goý, Siziň ähli başlangyçlaryňyz rowaç bolsun!

Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

Walentina MATWIÝENKO,
Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy.

 ***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Doglan günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin. Türkmenistanyň Prezidenti wezipesinde alyp barýan köpugurly döredijilikli işiňiz milli däpler we ruhy-ahlak gymmatlyklary esasynda ýurduň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ulgamlaryndaky durnukly ösüşine kuwwatly itergi berýär.

Russiýada deňhukuklylyk, dostluk we birek-biregiň bähbitlerine hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan rus-türkmen gatnaşyklarynyň berkidilmegine berk ygrarlydygyňyza ýokary baha berilýär. Döwletlerimizi mundan beýläk-de okgunly ösdürmek, sebitde durnuklylygy, howpsuzlygy üpjün etmek üçin tagallalary birleşdirmäge taýýardygymyzy tassyklaýarys.

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Size tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, rowaçlyk arzuw edýärin!

Hormatlamak bilen,

Dmitriý MEDWEDEW,
Russiýa Federasiýasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary.

 ***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Çuňňur hormatlanylýan Serdar Gurbangulyýewiç!

Doglan günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin. Siziň baştutanlygyňyzda Türkmenistan okgunly ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýar, özüniň ykdysady kuwwatyny yzygiderli artdyrýar, halkara abraýyny barha belende galdyrýar hem-de daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary berkidýär.

Astrahan oblastyny we Türkmenistany köpýyllyk dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak başlangyçlary baglanyşdyrýar. Ýola goýlan netijeli gatnaşyklara ýokary baha berýärin hem-de söwda-ykdysady, ulag-logistika, ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň rus-türkmen gatnaşyklarynyň has-da pugtalandyrylmagyna, Astrahan oblasty bilen Türkmenistanyň ilatynyň bähbidine täze bilelikdäki taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam etjekdigine ynanýaryn.

Size berk jan saglyk, abadançylyk, jogapkärli döwlet işiňizde egsilmez güýç-kuwwat we täze üstünlikleri, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk hem-de gülläp ösüş arzuw edýärin.

Tüýs ýürekden hormatlamak bilen,

Igor BABUŞKIN,
Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatory.