Ï Medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ilerledip
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ilerledip

view-icon 299
Medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ilerledip

Şu gün Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherindäki Ruhyýet köşgünde giň möçberli medeni çäre — “Tatar gyzy — 2026” halkara bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Bu taslama tatar halkynyň baý taryhy mirasyny we ruhy gymmatlyklaryny gorap saklamaga gönükdirilendir. Adaty gözellik bäsleşiklerinden tapawutlylykda, bu çärede eminler gatnaşyjynyň diňe bir daşky keşbine baha bermän, eýsem, olaryň öz ene dilini bilşine, milli aýdymdyr tanslary ýerine ýetirmek, milli tagamlary taýýarlamak ussatlygyna üns berýärler. Her ýyl bu bäsleşik Russiýa Federasiýasynyň dürli sebitlerinden we daşary ýurtlardan zehinli gyzlary bir ýere jemleýär. Ýerlerde çylşyrymly saýlama tapgyrlarda ýeňiji bolan ýaşlar jemleýji tapgyrda intellektual we döredijilik taýýarlygynyň ýokary derejesini görkezýärler. Bäsleşigiň ahyrynda geçirilýän gala konsert halklaryň dostlugynyň we medeniýetleriň özara baýlaşdyrylmagynyň aýdyň nyşanyna öwrülýär.

Bäsleşigiň düzgünlerine görä, indiki ýylyň jemleýji tapgyry şu ýyl ýeňiji bolan gatnaşyjynyň ýaşaýan sebitinde ýa-da ýurdunda geçirilýär. Munuň özi bäsleşigiň geografik gerimini giňeltmäge we ýurtlaryň arasynda ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam berýär.

2026-njy ýylda bu abraýly halkara bäsleşigiň jemleýji tapgyry taryhda ilkinji gezek Türkmenistanda, Hazar deňziniň kenarynda, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýär. Bu waka ýurdumyzyň medeni diplomatiýasynyň ýokary derejesini we halkara giňişlikde dialoga açykdygyny ýene bir gezek subut edýär. Bu iri halkara forumy türkmen topragynda geçirmek başlangyjy türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz bilen Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowyň arasynda geçirilen ýokary derejedäki ikitaraplaýyn gepleşiklerde beýan edildi. Bu duşuşyk Russiýa Federasiýasy bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde, Türkmenistan bilen Tatarystanyň arasyndaky gatnaşyklaryň aýratyn ynanyşykly we strategik häsiýete eýedigini açyp görkezdi.

Gahryman Arkadagymyzyň “Tatar gyzy” bäsleşiginiň jemleýji tapgyryny Hazar deňziniň kenarynda geçirmek baradaky teklibi Tatarystan tarapyndan çuňňur hormat we hoşallyk bilen kabul edildi. Şeýle giň möçberli medeni çäräniň türkmen topragynda geçirilmegi diňe bir söwda-ykdysady däl, eýsem, medeni-ynsanperwer ulgamy hem öz içine alýan köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygyň logiki dowamy boldy.

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň infrastrukturasy halkara wekiliýetleri we ýokary derejeli myhmanlary kabul etmek üçin ajaýyp şertleri döredýär. Döwrebap kongres merkezleri, myhmanhana toplumlary we Hazaryň kenarynyň ösen ulag-logistika ulgamy bäsleşigiň jemleýji tapgyryny iň ýokary halkara derejesinde guramaga mümkinçilik berýär.

Türkmenbaşy şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçirilen «Tatar gyzy — 2026» halkara bäsleşiginiň jemleýji tapgyry baý mazmuna hem-de ýokary ruhubelentlige beslendi. Çäre «Dehistan» we «Dagdan» tans toparlarynyň ýerine ýetirmeginde «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» diýen edebi-sazly kompozisiýa bilen açyldy.

Bäsleşigiň jemleýji tapgyrynyň resmi açylyş dabarasy hem-de baş baýraga mynasyp bolmak ugrunda bäsleşmäge hukuk gazanan gatnaşyjylary tanyşdyrmak çäresi geçirildi. Myhmanlar hem-de jemleýji tapgyra gatnaşyjylar Tatarystan Respublikasynyň halk artisti Alina Şaripžanowanyň we Tatarystanyň Döwlet tans toparynyň ýerine ýetirmeginde «Wolga» — «Sabantuý» diýen aýdym-sazly tans kompozisiýasyna tomaşa etdiler.

Soňra hormatly myhmanlar we «Tatar gyzy — 2025» halkara bäsleşiginiň türkmenistanly ýeňijisi Alsu Rafikowa gutlag sözleri bilen çykyş etdiler.

Bäsleşigiň esasy maksatnamasy «Tatar gyzy» bäsleşigi. Taryhy we täze sahypasy» diýen wideoşekiliň görkezilmegi hem-de gyzlaryň «Meniň adym. Meniň maşgalam. Meniň maşgala gymmatlygym» diýen mowzuk boýunça özlerini tanyşdyrmagy bilen başlandy.

Nobatdaky tapgyrda tomaşaçylara we eminler toparyna bäsleşige gatnaşyjylaryň el işleri hem-de milli tagamlary taýýarlamak boýunça ussatlygyny açyp görkezýän wideoşekiller görkezildi. «Dehistan» we «Dagdan» tans toparlarynyň Tatarystanyň Döwlet tans topary bilen bilelikde ýerine ýetiren tansy halklaryň medeni hem-de dostluk ruhuny açyp görkezdi.

Dabaranyň maksatnamasynyň konsert böleginiň üsti meşhur artistleriň döredijilik çykyşlary bilen ýetirildi. Tatarystan Respublikasynyň halk artisti Marat Galimow «Ene dilim» diýen aýdym bilen çykyş etdi. Bäsleşige gatnaşyjylar tanslary ýerine ýetirip, milli lybaslary görkezdiler. Şeýle hem sahnada «Dehistan» tans toparynyň ýerine ýetirmeginde «Geler» tans kompozisiýasy, Tatarystanyň halk artisti Zaýnap Farhetdinowanyň ýerine ýetirmeginde «Üzülem» aýdymy, «Eneler» atly aýdym-sazly, tansly kompozisiýa we Tatarystanyň at gazanan artisti Ilgiz Zakiýewiň ýerine ýetirmeginde «Nurly Kazan» çykyşy ýaýbaňlandyryldy.

Soňra bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylaryň bu tapgyra taýýarlygyny görkezýän wideoşekiller hem-de tatar halkynyň toý däp-dessurlaryndan pursatlar görkezildi. Türkmenistanyň we Tatarystan Respublikasynyň Moda öýleriniň Tatarystanyň Döwlet tans toparynyň çykyşy bilen utgaşdyrylan bilelikdäki defile-görkezilişi iki halkyň milli lybaslarynyň nepisligini we döwrebap dizaýnerçilik çözgütlerini açyp görkezdi.

Tomaşaçylar üçin «Halkym meniň» diýen jemleýji aýdym ýaňlandy. «Dehistan» we «Dagdan» tans toparlarynyň Tatarystanyň Döwlet tans topary bilen bilelikde meşhur «Küştdepdi» milli tansyny ýerine ýetirmegi bolsa halklaryň arasyndaky baý medeni gatnaşyklary aýdyň şöhlelendirdi.

Şeýlelikde, Hazar deňziniň ajaýyp kenarynda geçirilen bu giň möçberli çäre diňe bir gözelligiň hem-de zehiniň baýramy bolman, eýsem, Türkmenistanyň we Tatarystanyň halklarynyň arasyndaky medeni gatnaşyklaryň, özara hormat goýmagyň, şeýle-de dostlugyň pugtalandyrylýandygynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi.