Ï Aşgabat we Arkadag şäherlerinde V halkara teatr festiwaly geçiriler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabat we Arkadag şäherlerinde V halkara teatr festiwaly geçiriler

view-icon 174
Aşgabat we Arkadag şäherlerinde V halkara teatr festiwaly geçiriler

Şu ýylyň noýabr aýynda Aşgabat we Arkadag şäherleri halkara teatr sungatynyň merkezlerine öwrüler. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B. Seýidowa «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly V halkara teatr festiwalyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, döredijilik festiwalyna gatnaşmak üçin dünýäniň dürli ýurtlaryndan öňdebaryjy teatr toparlarynyň Türkmenistana gelmegine garaşylýar.

Çäräniň maksatnamasy diňe bir sahna oýunlary bilen çäklenmän, eýsem, teatr ýolbaşçylarynyň we döredijilik işgärleriniň gatnaşmaklarynda teatr sungatyny ösdürmek we hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça iş maslahatyny geçirmek meýilleşdirilýär. Oňa gatnaşyjylar teatr sungatyny kämilleşdirmegiň, tejribe alyşmagyň hem-de halkara ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmegiň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşarlar.

Hormatly Prezidentimiz milli teatr sungatyny ösdürmäge we daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmaga döwlet tarapyndan aýratyn üns berilýändigini nygtady we şunuň bilen baglylykda, wise-premýere «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly V halkara teatr festiwalyna gowy taýýarlyk görmegi hem-de ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.